DÖWLET BAŞTUTANYMYZ OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI IBERMEGI TABŞYRDY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtda Owganystan halkyna ynsanperwer kömegini ibermegi tabşyrdy. Bu barada milli Liderimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýere, daşary işler ministrine R.Meredowa degişli görkezme berdi.
Geçen hepde döwlet Baştutanymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatda geçen 15-nji sammitinde eden çykyşynda guramanyň agza-döwletlerini owgan halkyna gyssagly ynsanperwerlik kömegini bermäge çagyrypdy.
Döwlet Baştutanymyz Owganystana ynsanperwer kömegini ibermegi tabşyrdy (turkmenistan.gov.tm)