FERENS LISTIŇ WE WENÇENSO BELLININIŇ MUKAMLARY ÝAŇLANDY

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynnda «Söýgi waspçylary» at bilen konsert geçirildi. Ol Wençenso Bellininiň doglan gününiň 220 ýyllygyna we Ferens Listiň doglan gününiň 220 ýyllygyna bagyşlandy.
TMK-nyň kamera ansambly kafedrasynyň talyplary tanymal sungat ussatlarynyň we halkara bäsleşikleriniň diplomanty Stella Faramazowanyň gatnaşmagynda giçki romantizm eýýamynyň genial kompozitorlarynyň ummasyz eserlerinden iň romantiki eserleri saýladylar.
Konsertiň başynda Amannazar Arslanow fortepianoda Ferens Listiň «Söýgi hyýallary» eserini ýerine ýetirdi. Bu eseriň döreýşi barada 1970-nji ýylda adybir iki seriýaly film düşürilipdi.
TMK-nyň 5-nji ýyl talyby Emir Baýtramgeldiýew fleýtada F. Listiň etýudyny çaldy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Bibijemal Amanowa W. Bellininiň «Somnambula» operasyndan Aminanyň ariýasyny ýerine ýetirip diňleýjileri hoş owazy bilen bendi etdi.
Öz wagtynda italýan kompozitory W. Bellinä opera eserlerinde saz frazalary üçin «gussa ussady» diýipdirler. Juzeppe Werdi ony sazda täzeçil we özgerdiji saýsa, Rihard Wagner onuň partiturada saz obrazlaryny döretmek ukybyna haýran galypdyr.
Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow fortepianoda ajaýyp we şol bir wagtyň özünde aşa çylşyrymly «Mefisto-wals» eserini çalşy bilen diňleýjileri özüne maýyl etdi. Ferens List orkestr üçin bir at bilen dört wals tapgyryny döredýär, soňra ony fortepiano üçin hem aranžirläpdir.
Ferens çagalykdan konsert beripdir, ony köplenç Mosart bilen deňeşdiripdirler. Lýudwig wan Bethowen bilen tanyşmagy wenger kompozitorynyň durmuşynda üýtgeşik waka bolupdyr. Oglanjykdan ulalanda kim boljagyny soranlarynda, ol Bethoweniň portretini görkezipdir. Bethoweniň özüni ykrar etmegi ony ruhlandyrypdyr.
Soňy bilen Ferens List ilkinji notalarynda tanalýan üýtgeşik eserleri döredýär, olar diňleýjileri awtoryň kompozisiýalarynda beýan edýän ýagdaýlaryna duýgudaşlyk etmäge mejbur edýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Bahar Durdyýewa W. Bellininiň «Norma» operasyndan «Casta Diva» kawatinasyny ýerine ýetirip, diňleýjileriň alkyşyny gazandy. Bu eser hatda dünýä opera sahnasynyň tanymal aýdymçylary üçinem çynlakaý synagdyr. Soprano sesli zenan üçin ýazylan partiýanyň häli-häzire çenli çylşyrymlylykda deňi-taýy ýokdur.
Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa S. Faramazowanyň fortepianoda sazandarlygynda F. Listiň Genrih Geýnäniň goşgusyna döreden «Loreleýa» aýdymyny ýerine ýetirdi. Bu üç bölümli melodiki eser balykçynyň suw perisine öwrülen gyzy barada gürrüň berýär.
Döwletmämmet Ökdirowyň ýolbaşçylygyndaky «Ylham» kamera orkestri Tomazo Albinonniniň goboý üçin konsertini ýerine ýetirip, «Barokko stilinde saz adasyny» döretdi. Goboýda soloda Didar Ýomudow ýerine ýetirdi. Şu ýyl bu kompozitoryň döredijiliginiň muşdaklary onuň doglan gününiň 350 ýyllygyny bellediler.
Konsertiň ahyrynda Şirhan Batyrow «Ylham» kamera orkestriniň sazandarlygynda klarnetde F.Listiň «Söýgi hyýallary» eserini çaldy. Şeýlelikde, şu eser bilen açylan konsert indi orkestriň ýerine ýetirmeginde ýene şol eser bilen jemlendi.
Ferens Listiň we Wençenso Bellininiň mukamlary ýaňlandy (turkmenistan.gov.tm)