TÜRKMEN AGYR ATLETIKAÇYLARY DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNA GATNAŞARLAR

photo

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça 15 türgenden ybarat milli ýygyndy topary şu gün Özbegistanyň paýtagty Daşkentde başlanýan dünýä çempionatyna gatnaşar.

29-njy gezek geçirilýän zenanlar bäsleşiginde Ýulduz Jumabaýewa, Bägül Berdiýewa (ikisem 49 kg çenli agramda), Polina Gurýewa (59 kg), Gülnabat Kadyrowa (71 kg) we Aýsoltan Toýçyýewa (81 kg) Türkmenistana wekilçilik ederler. 86-njy gezek geçirilýän erkekler bäsleşiginde Seýitjan Mirzaýew (61 kg çenli agramda), Maksat Meredow (73 kg), Rejepbaý Rejebow, Şatlyk Şöhradow (ikisem 81 kg), Rustam Annaberdiýew (89 kg) we Hojamuhammet Toýçyýew (109 kg) çykyş ederler.

Daşkende ugramazdan ozal milli ýygyndy toparyň agyr atletikaçylary paýtagtymyzyň «Sport» myhmanhanasynda Sport we ýaşalr syýasaty ministrliginiň Türkmenistanyň Dopinge garşy milli agentligi we Agyr atletika federasiýasy bilen bilelikde guran dopinge garşy bilim seminaryna gatnaşdylar.

Ilkibada dünýä çempionaty Peruda geçirilmelidi, emma koronawirus pandemiýasy zerarly Agyr atletika halkara federasiýasy ýaryşy Özbegistanyň paýtagtynda geçirmegi karar etdi.

Täze olimpiýa tapgyrynda ilkinji dünýä çempionatyna 74 ýurtdan 432 türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Erkekler hem-de zenanlar 20 agramda uly we kiçi medallar ugrunda bäsleşerler.

Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda diňe dört türgen dünýä çempionatlarynda hormat münberine çykypdy. 1993-nji ýylda Melburnda geçirilen DÇ-nda ady belli Altymyrat Orazdurdyýew 76 kg çenli agramda 370 kg (silterläp -167,5 kg, itekläp -202,5 kg) netieje bilen öňe saýlanypdy.

2017-nji ýylda Anahaýmda (ABŞ) Kristina Şermetowa (53 kg çenli agramda) we Rejepbaý Rejebow (81 kg çenli agramda) kümüş medal eýelediler.

Şu ýyl Agyr atletika halkara federasiýasy Tailanddan dopinge garşy düzgünleri bozanlygy üçin ozal ýaryşdan çykarylan Tunýa Sukçaroene derek türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewany 45 kg çenli agramda zenanlaryň arasynda 2018-nji ýylyň dünýä çempiony diýip ykrar etdi. Bu barada Aşgabatda geçirilen DÇ-2018-de çykyş edenleriň barlaglary gaýtadan geçirilenden soň belli boldy.

Şu ýyl Tokio olimpiadasynda Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda 59 kg çenli agramda ilkinji olimpiýa kümüş medalyny eýelän Polina Gurýewa hem Daşkentde ildeşlerimiziň üstünligini artdyrmaga synanyşar.

Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatyna gatnaşarlar (turkmenistan.gov.tm)