HAZARYŇ DAŞYNDAN MOTOÝÖRIŞ MEÝILLEŞDIRILÝÄR

photo

2022-nji ýylyň baharynda Hazaryň daşyndan motoýöriş geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Azerbaýjana sapary wagty teklip etdi. Motoýörişi ilki Azerbaýjan kabul eder. Soňra olar Eýrana, Türkmenistana we Gazagystana geler.

Gubernator geljekki motoýörişiň Hazaryň dostluk we goňşuçylyk sebitdigini ýene bir subut eder diýip ynam bildirdi.

Golaýda Igor Babuşkiniň Aşgabada saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiz, Hökümet agzalary bilen duşuşdy we Türkmenistan bilen RF-iň Astrahan oblastynyň arasynda syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy.

Hazaryň daşyndan motoýöriş meýilleşdirilýär (turkmenistan.gov.tm)