«KAMAZ» «AŞGABAT-SITI» ÜÇIN ELEKTROBUS IBERMEGI MEÝILLEŞDIRÝÄR

photo

«Kamaz» Türkmenistanda synag hökmünde ulanmak üçin elektrobuslary ibermek barada gepleşikler geçirýär. Türkmenistanda döwrebap «Aşgabat-siti» şäherini gurlar, biz Aşgabada synag üçin elektrobus ibermegi göz öňünde tutýarys – diýip, kompaniýanyň baş direktory Sergeý Kogogin žurnalistlere habar berdi. 

«Kamaz» Russiýanyň ýük awtoulaglaryny iri öndürijidir, ol dünýä ulag öndürijileriniň ýigrimiligine girýär. Kompaniýa ýük awtoulaglaryny, tirkegleri, awtobuslary, hereketlendirijileri we güýç abzallaryny çykarýar.

Naberežnyý Çelny şäheriniň ýük awtoulaglary, awtokranlary, awtoýangyç guýyjylary we beýleki ýörite tehnikalary Türkmenistanda gowy tarapdan tanalýar. Bu ygtybarly tehnikalar ýurduň iri gurluşyklarynda işledilýär. Kompaniýanyň inžener-işläp taýýarlaýjylary awtoulaglary ýerli howa şertlerine uýgunlaşdyryp, onuň täze nusgalaryny kämilleşdirýärler.

Aşgabatdaky «Kamaz» söwda we okuw-hyzmat merkezinde ulaglara doly tehniki hyzmat edilýär. Şeýle hem türkmen hünärmenleri täze tehnikanyň ulanylyşyny, onuň enjamlarynyň aýratynlyklaryny, kemçiliklerini anyklamagy we ýerli abatlaýşyny öwrenýärler.

Şu ýylyň noýabrynda Türkmenbaşy etrabynda «Kamaz»  kysymly ulaglary abatlamak, olara hyzmat etmek üçin okuw we hyzmat merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy.

2021-nji ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak we iki gatly täze ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek boýunça guralan dabaralara gatnaşdy.

Bu taslamada dünýä tejribesinde giňden ulanylýan şähergurluşyk çözgütleri we milli binagärlik ýörelgeleri öz beýanyny tapar. “Aşgabat-sitiniň” gurluşygynyň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň 24-nji maýda geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, degişli Pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

«Aşgabat-sitide» çagalar döredijilik merkeziniň, seýilgähiň, düzümleýin ýol-ulag ulgamynyň desgalarynyň, jemagat hojalygyna degişli binalaryňdyr inžener-kommunikasiýa ulgamlarynyň içindäki ýollaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, ýakyn ýyllarda bu ýerde «Aşgabat-siti» diýlip atlandyrylýan tutuş döwrebap şäher peýda bolar.

«Kamaz» «Aşgabat-siti» üçin elektrobus ibermegi meýilleşdirýär (turkmenistan.gov.tm)