NEBIT-GAZ SENAGATY: «GARA ALTYNDYR», «MAWY ÝANGYJYŇ» MÖÇBERI BARHA ARTÝAR

photo

«Türkmenistanda nebit-gaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyndan» ugur alyp, üstümizdäki ýyly şanly zähmet görkezijileri bilen jemleýän kärhanalaryň hatary tutuş ýurtda bolşy ýaly Günbatar sebitde hem barha artýar.

Ýurdumyzyň esasy tebigy baýlyklary bolan nebitdir gazyň çykarylyşynyň möçberlerini ýokarlandyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň «gara altyn» ussatlarynyň mynasyp paýy bar. Kuwwatly daşary ýurt enjamlarydyr kämil tehnologiýalar bilen birkemsiz üpjün edilen kärhanada şu ýylyň başyndan bäri gazanylan netijeler has ýokary. Gürrüňi edilýän müdirlikde hereket edýän guýulardan alnan «gara altynyň» umumy möçberi hem 1 million 30 müň tonna golaýlady.

Häzirki wagtda «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça iň ýokary netije gazanan bu kärhanada işler, esasan, Hazarýaka sebitlerinde gyzgalaňly alnyp barylyar.

«Mawy ýangyjyň» möçberini artdyrmakda nusgalyk zähmet çekip, has tapawutlanýan kärhanalaryň biri-de «Türkmengaz» döwlet konserniniň Balkanabat şäherinde ýerleşýän Gaz toplaýyş we akdyryş müdirligidir. Bu kärhananyň ussat hünärmenleri Hazarýaka känlerindäki gaz gysyjy desgalaryň saz we bökdençsiz işlemegini gazanýarlar.

Muňa müdirlik boýunça şu ýylyň başyndan bäri 5 milliard 231 million kubmetr «mawy ýangyjyň» taýýarlanylyp, sarp edijilere ýetirilmegi-de aýdyň güwä geçýär. Gazanylan uly üstünlige müdirligiň «Goturdepe», «Barsagelmez» hem-de «Hazar» gaz gysyjy desgalarynyň hünärmenleri has-da saldamly goşant goşdular.

Nebit-gaz senagaty: «gara altyndyr», «mawy ýangyjyň» möçberi barha artýar (turkmenistan.gov.tm)