«YHLAS» - TOMAŞAÇYLARA TÄZE ÝYL SOWGADY

Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň açyp beren Türkmenistanyň telewidenýe radio gepleşikler we kinomotografiýa Döwlet komitetiniň Türkmen owazy tele – radio ýaýlymynyň görkezmesi esasynda her ýylda Täze ýyl baýramy mynasybetli çeper film döredýärler. Bu ýyl hem Türkmen döwlet medeniýet inistitutynyň «Teatr» fakultetiniň «Kino Režissiory» hünärniň 4-nji talyby Guwanç Nazarowyň režisýorlyk etmeginde «Yhlas» atly gülküli çeper filmi surata düşürilýär.
Aýdymçy Gülşirin Öwezmämmedowa, ýaş estrada ýyldyzlaryndan Aly Alyýew, Täşli Tülegenow, bulardan başga –da artistlerden Rahat Baýramow, Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Apbasowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Amangül Mämmetýazowa, Türkmen medeniýet institutynyň uly mugallymy Geldimyrat Myratnazarow ýaly ussat halypalar bu çeper filimde surata düşýärler.
«Yhlas bilen aglasaň sokur gözden ýaş çykar» diýip ata-babalarymyzyň belläp geçişi ýaly Batyr atly ýaş sportsmen öz öňünde goýan maksadyna ýetmek üçin göreşýär. Oňa bu babatda tälimçisi goldaw berýär. Sporty söýmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek filmiň esasy mazmunyny düzýär.
2021-nji ýylyň 31-nji dekabrynda ildeşlerimiz bu filme mawy ekran arkaly tomaşa edip, lezzet alyp bilerler.
«Yhlas» - tomaşaçylara Täze ýyl sowgady (turkmenistan.gov.tm)