TÜRKMENSITANYŇ PREZIDENTINIŇ KITABY BRESTLI OKYJYLARYŇ ARASYNDA

Golaýda belorusly dostumyz, žurnalist we Belarusyň ýazyjylar birleşigniň agzasy, ýazyjy Aleksandr Karlýukowiçden hat aldym. Onuň ömri we döredijiligi ýurdumyz bilen baglydyr. Çünki 80-nji ýyllaryň ortalarynda ol ýurdumyzda ýaşady we işledi. Bu ýerden gidenden soňam ol Türkmenistan, türkmen ýazyjy-şahyrlary bilen gatnaşygyny ýitirmedi.
Ol dürli medeni çärelere gatnaşyjy hökmünde Aşgabada kän gelýär, bu ýerde türkmen kärdeşleri bilen duşuşyp, olaryň döredijiligi bilen gyzyklanýar, öz işi barada gürrüň berýär.
Aleksandr Karlýukowiç golaýda Brestiň Maksim Gorkiý adyndaky kitaphanasyna baryp görendgini buýsanç bilen ýazýar. Çetki şäherde ýerleşýändigine garamazdan, bu kitaphana hemişe baý goruna we dürli dillerde, şol sanda türkmençe kitaplary bilen tanalýar. Onuň ýazmagyna görä, türkmen awtorlarynyň kitaplary bu ýerde olaryň dürli çärelere gatnaşmagy netijesinde, şeýle hem öz wagtynda belorus diline terjime edilen awtorlaryň kitaplary peýda bolýar. Häzirki wagta çenli türkmen awtorlarynyň 129 kitaby üç dilde – rus, belorus, türkmen dillerinde bu ýerde goýlupdyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Älem içre at gezer» kitaby bu kitaphanada mynasyp orun tutýar. Ol Minskide “Звязда” Neşirýat öýünde belorus dilinde çap edildi.
Aleksandr Karlýukowiç kitaphananyň işgärleri türkmen edebiýatynyň okyjylaryň arasynda hemişe isleglidigini, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Älem içre at gezer» kitaby bu şäheriň ilatynyň arasynda iň meşhur kitap bolandygyny kitaphana işgärlerine salgylanyp ýazýar.
Türkmensitanyň Prezidentiniň kitaby brestli okyjylaryň arasynda (turkmenistan.gov.tm)