TÜRKMENISTAN ÖZBEGISTANYŇ IMPORTY WE EKSPORTY BOÝUNÇA ESASY ÝURTLARYŇ ONLUGYNA GIRÝÄR

photo

Özbegistan Respublikasynyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň metbugat gullugynyň 2021-nji ýylyň dekabrynda çap eden maglumatlaryna laýyklykda, Türkmenistan goňşy respublika haryt ugratmak boýunça esasy ýurtlaryň onlugyna girýär. Özbegistana haryt ugratmakda Türkmenistan beýleki ýurtlaryň hatarynda 2021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ABŞ-yň 404,1 million dollar görkezijisi bilen Russiýadan, Hytaýdan, Gazagystandan, Koreýadan, Türkiýeden we Germaniýadan soň ýedinji orny eýeleýär.

2021-nji ýylyň 10 aýynda Özbegistan Türkmenistandan 35,6 müň tonna sement satyn aldy. Mundan başgada Türkmenistan Özbegistana awtomobil ýangyjyny eksport edýär. Eksport-import boýunça Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy bilen daşary söwda dolanşygynda ygtybarly hyzmatdaşlar bolup durýarlar.

Türkmenistan Özbegistanyň importy we eksporty boýunça esasy ýurtlaryň onlugyna girýär (turkmenistan.gov.tm)