HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

2022-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda käbir habar beriş serişdelerinde türkmen-owgan serhedindäki ýagdaý boýunça barlanylmadyk we hakykata laýyk gelmeýän maglumatlar peýda boldy.

Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, Owganystan bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýar we türkmen-owgan serhedi dostluk serhedi bolup durýar.

Türkmen-owgan serhediniň asudalygyny gorap saklamak boýunça owgan tarapy bilen ylalaşykly hereketler yzygider esasda alnyp barylýar.