TÜRKMENISTAN - TÄJIGISTAN: SÖWDANYŇ ÖSÜŞ DEPGINI ÖSDÜRILÝÄR

Täjigistanyň Ykdysady ösüş we söwda ministrligi 2021-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlary bilen söwda dolanyşygynyň has-da artandygyny we Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarynyň 2,7 esse ösendigini habar berýär.

Täjigistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmek we hil taýdan ösdürmek 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen gepleşikleriň esasy temlarynyň biri boldy. Bu ugurda bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmek boýunça geljekki bilelikdäki işiň geljegi uly ugurlaryny belläp,  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň, gurluşyk we himiýa senagatynyň, azyk, dokma, derman senagatynyň, oba hojalygynyň we beýleki pudaklaryň önümleriniň söwdasy ulgamynda Täjigistan bilen hyzmatdaşygy has-da giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi.  Iki dostlukly döwletiň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak baradaky taýýarlygy gepleşiklerde gol çekilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ykdysady ösüş we söwda ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda  Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin  söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Söwda ministrliginiň arasynda Türkmenistanda we Täjigistan Respublikasynda söwda öýlerini döretmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2022-2023-nji ýyllarda haryt dolanşygyny köpeltmek barada «Ýol kartasy»; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda işewürler geňeşini döretmek hakynda Ylalaşyk ýaly resminanamalarda bellenildi.

Geçen ýylyň noýabr aýynda bu resminanamalary durmuşa geçirmekligi Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşit Meredow bilen onuň täjik kärdeşi Sirojiddin Muhriddin ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar  özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň artandygyny bellediler we iki tarapyň-da ýakyn geljekde özara söwdany giňeltmäge hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardygyny beýan etdiler. Duşuşykda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana döwlet saparynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň ýagdaýy we ykdysadyýet, söwda, ýangyç-energerika ulgamy, ulag we logistika, oba hojalygy, suw hojalygy, ýeňil we gaýtadan işleýän senagat ýaly ikitarapalýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny işjeňleşdirmek ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan - Täjigistan: söwdanyň ösüş depgini ösdürilýär (turkmenistan.gov.tm)