TÜRKMEN EDEBIÝATYNDA DESSANLAR

Türkmen edebiýatynyň XVIII asyrdan bäri belli epiki žanry bolan dessan söýgi ýa-da gahrymançylyk mazmunly ertekileriň, rowaýatlaryň ýordumlarynyň gaýtadan işlenilmegidir. XVIII asyrdan başlap ozal dilden aýdylan dessanlaryň Ýakyn we Orta Gündogar halklarynyň ählisinde diýen ýaly ýazylyp başlanmagy bu žanryň ösmegine ýardam edýär.

Goşgy bilen kyssanyň sazlaşykly utgaşygy türkmen dessanlarynyň özboluşly aýratynlygydyr.

Nusgawy şahyrlaryň arasynda Nurmuhammet Andalyp türkmen dessançylarynyň biridir. «Ýusup-Züleýha», aýratyn-da «Leýli-Mejnun» dessanlary onuň meşhur eserleridir. Awtor onda gündogar rowaýatlaryndan we halk hekaýatlaryndan ugur alyp, şahyr özboluşly türkmen eserini döredipdir. Onda geçen asyrlaryň dessanlaryndan tapawutlylykda özboluşly döredijilik tilsimi duýulýar. Andalyp adaty wakalary, keşpleri özbaşdak çeperleşdiripdir. Gündogarda meşhur bolan pajygaly söýgi hakda rowaýatda şahyr agzalalagyň ýaramaz ýagdaýlara eltýänligini görkezýär. Andalybyň sada dilli çeper şygry we kyssasy, öz döwrüne mahsus sahnalary beýan etmegi onuň eseleriniň meşhurlygyna ýardam edipdir. Andalybyň döwürdeşleri-de Diýaryň ýa-da aşygynyň hatyrasyna gahrymançylyk görkezýän edermen adamlar hakda ajap dessanlar döredipdirler. Özeninde hakyky taryhy wakalar bolan dessanlar türkmen, pars we türk edebiýatynda-da peýda bolupdyr.

Andalyp diňe bir dessan döretmändir. Ol oguzlaryň gadymy taryhyna bagyşlap, öz ugrundan ýeke-täk «Oguzlar hakda rowaýat» taryhy poemasyny, tanymal türkmen şahyryna bagyşlanan «Nesimi» atly terjimehal poemasyny döredipdir.

Nurmuhammet Andalybyň döredijiligi türkmen nusgawy şahyrlary –Magtymgulynyň, Magrupynyň, Şabendäniň, Mollanepesiň döredijiligine güýçli täsir edipdir. «Leýli-Mejnunyň» goşgularynyň köpüsi halk aýdymlaryna öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynda Nurmuhammet Andalyp, Magtymguly Pyragy, Abusagyt Abulhaýyr, Mahmyt Zamahşary, Jelaleddin Rumy, Muhammet Baýram han, Döwletmämmet Azady we başga-da ençeme danalaryň dünýä taryhynda öçmejek yz galdyryp, türkmenleriň özünden soňky nesillerine Watany söýmegi, adalatly, mähirli, edermen, sahawatly we geçirimli bolmagy wesýet edendiklerini ençeme gezek nygtady.

Türkmen edebiýatynda dessanlar (turkmenistan.gov.tm)