DERDE DERMAN MELHEMLER

Derde derman melhemleri taýýarlamakda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli kärhanalarynda mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Şolaryň biri hem welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki Bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhanasydyr.

Kärhananyň hünärmenleri melhem palçyklary, deňiz duzuny öndürýärler. Kärhana her ýylda terapewtiki we kosmetiki önümleriň 400 müň gabyny, şol sanda dünýä belli Mollagara palçygynyň 200 müň gabyny, wulkan palçygynyň we deňiz duzunyň hersinden 100 müň gabyny öndürmeklige niýetlenendir. Kärhana üç sany esasy bölümden-bejeriş palçyklaryny, deňiz duzuny gaplaýan hem-de hil barlag bölümlerinden ybarat bolup, olarda işler ýokary derejede sazlaşykly guralypdyr.

Güneşli ýurdumyzyň tebigaty saglygy goraýyş ähmiýetli dürli tebigy serişdelere örän baýdyr. Olaryň arasynda dürli palçyklar we deňiz duzlary uly orun tutýar. Palçyklar iki topara--gyrmança we wulkan palçyklaryna bölünýär. Gyrmança palçyklary boýunça Mollagara köli diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem bütin dünýäde hem meşhurdyr. Soňky ýyllarda bolsa Mollagara palçygynyň kosmetologiki häsiýetleri öwrenildi we onuň deri üçin juda giň ýaramly täsirleriniň bardygy anyklandy.

Welaýatyň Esenguly etrabynyň çäginde ýerleşýän täsin wulkanlaryň palçyklarynyň hem bejeriş häsiýetleri ýokarydyr. Wulkan palçyklarynyň düzüminde köp sanly gymmatly mikroelementler bolup, olar kosmetologiýada, lukmançylykda deri, ýürek--damar, içege, şeýle-de önelgesizlik kesellerini bejermekde giňden ulanylýar.

«Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşan bilen taýýarlanýan melhemler ýurdumyzyň şypahanalaryna, saglygy dikeldiş we bejeriş merkezlerine, hassahanalara, Saglyk öýlerine ugradylýar.

Derde derman melhemler (turkmenistan.gov.tm)