BALKANDAN DAŞOGUZA ÇENLI HALKALAÝYN ENERGOULGAMYŇ IKINJI TAPGYRYNYŇ GURLUŞYGY BAŞLANDY

«Türkmenenergogurluşyk» konserniniň potratçy guramalary Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň elektrik ulgamlaryny birleşdirip, sebitleri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etjek halkalaýyn energoulgamyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna girişdiler. «Balkan» kiçi bekedinden Daşoguza çenli EGL-500-iň uzynlygy 560 kilometrden gowrakdyr. Şu aralykda geljekki EGL-iň sütünleriniň 1446-sy oturdylar. Gurluşygyň baş potratçysy elektrik geçiriji liniýalaryň gurluşygyna telekeçi düzümleriň birnäçesini çekdi. Elektrik geçiriji liniýalaryň gurluşygy bilen birlikde taslamada transformatorlary, tok öçürijileri, aýryjylary, rele goragyny we awtomatikasyny, telemehanika ulgamyny, kommunikasiýalary we SCADA oturtmak göz öňünde tutulan.

Halkalaýyn energoulgamyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek üçin Aziýanyň ösüş banky öz wagtynda ýeňillikli karz beripdi. Gurluşygyň iş tabşyryjysy – «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy şol serişdelere Aşgabat-Balkanabat halkalaýyn energoulgamyň birinji tapgyrynyň gurluşygynda ulanylan ýokary woltly elektrik geçiriji liniýalaryň we kiçi beketleriň gurluşygyna zerur enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn aldy.

Ahal-Balkan-Daşoguz ugry boýunça Türkmenistanyň halkalaýyn energoulgamynyň gurluşygyny 2023-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklan uly möçberli taslamasynyň durmuşa geçirilmegi elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmaga, energiýa tygşytlylygynyň hilini ýokarlandyrmaga we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerni gowulandyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiligini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Halkalaýyn düzüm welaýatlaryň we Aşgabadyň energoulgamlarynyň arasynda özara rezerwirlemäge mümkinçilik berer. Hemişelik rezerw bolanda energetikler ulanyjylara zyýansyz energobloklary, elektrik kiçi beketleri, elektrik geçiriji liniýalary abatlap we döwrebapalşdyryp bilerler.

Balkandan Daşoguza çenli halkalaýyn energoulgamyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy başlandy (turkmenistan.gov.tm)