DÖWLET BAŞTUTANYMYZ TÜRKMENISTAN BILEN DAŞARY ÝURT DÖWLETLERINIŇ ARASYNDAKY KÄBIR HALKARA RESMINAMALARYNY TASSYKLAMAK HAKYNDAKY KARARA GOL ÇEKDI

“Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky şu halkara resminamalar:

2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Daşkent şäherinde gol çekilen “Haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak hem-de hojalygy ýöredijileriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyk”; Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyk;

2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde gol çekilen “Raýat goranyşy, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyk”;

2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde gol çekilen “Saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyk”; “Bilelikdäki türkmen-türk umumybilim berýän orta mekdep babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama” tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky käbir halkara resminamalaryny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi (turkmenistan.gov.tm)