ÝURDUMYZYŇ WEKILIÝETINIŇ AGZALARY ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞKENT ŞÄHERINDE GULLUK IŞ SAPARYNDA BOLAR

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady we syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we iş duşuşyklaryny hem-de gepleşikleri geçirmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda bolar (turkmenistan.gov.tm)