WATAN GORAGY – MUKADDESLIGIŇ GORAGYDYR

photo

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde Watan goragçysynyň gününe bagyşlanan sergi açyldy.

Bu sergi Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bagly muzeý gymmatlyklary bilen açylýar. Onda döwlet Baştutanymyzyň harby gullukçylar bilen okuw-türgenleşik döwründe düşen fotosuratlary, hormatly Prezidentimize sowgat berlen Watanymyzyň ösüş-özgerişlerini sungatyň üsti bilen beýan edýän zergärçilik eserleri, gymmat bahaly daşlar bilen bezelen gylyçlar we beýleki gymmatlyklar görkezilýär. Bulardan başga-da serginiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini esaslandyrmak baradaky maglumatlar, Milli Goşunymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerini, gazanan üstünliklerini açyp görkezýän gymmatlyklar bar. Hormatly Prezidentimiziň kitaplary serginiň görnükli ýerinde orun aldy. 

Şeýle hem berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň şöhratly taryhyny, syýasy we harby durmuşyny, gazanan üstünliklerini aýdyň görkezýän gymmatlyklardyr fotosuratlar, dürli halylar we pannolar sergä aýratyn gelşik berýär.

Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen açdy. Dabaraly çärä harby gullukçylar, ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň okuw jaýlarynyň talyplary we kursantlary gatnaşdylar.

Watan goragy – mukaddesligiň goragydyr (turkmenistan.gov.tm)