TÜRKMENISTANDA ÖSÜMLIKLERI GORAMAGYŇ 2022 – 2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN DÖWLET MAKSATNAMASY TASSYKLANYLDY

photo

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, şeýle hem “Ösümlikleri goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ösümlikleri zyýankeşlerden, kesellerden hem-de haşal otlardan goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 —2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy (turkmenistan.gov.tm)