ÝAŇLAN DUTAR!
Şu ýylyň 1-nji fewralyndan 10-njy fewraly aralygynda türkmen milli telewideniýesiniň we radiosynyň ýaýlymlarynda dutara hem bagşyçylyk sungatyna bagyşlanan gepleşikler, teatr oýunlary, çeper we resminamalaýyn filmler görkeziler.
Türkmenistanyň medeniýet işgärleri rowaýata öwrülen şahslar – milli saz gurallaryna ussatlyk bilen erk edýän bagşylar we dessançylar hakynda öz döredijilikleri arkaly gürrüň berip geldiler. Halkymyzyň köp asyrlyk aýdym-saz medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan dutar, gadymy döwürlerden bäri halk aýdymçylarynyň sazyny ýetiripdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda, dutara bagyşlanan bapda saz guralynyň döreýşi barada bir rowaýat bar:
«Rowaýata görä, halyf Alynyň atbakary bolan Baba Gammar ilkinji dutary ýasapdyr. Ýöne ol ses bermändir. Şonda Baba Gammar şeýtanyň maslahaty bilen dutaryň sapynyň kirişleriň gulakdan gaýdýan ýerini bogup, оňa «eşek» goýupdyr. Saz guraly misli jenneti owazlary çykaryp, saýrap ugrapdyr. Şondan bäri, dutaryň gulaklarynyň aşak ýanynda goýulýan gerişjagaza «şeýtan eşegi» diýlip at goýlupdyr».
Tematik gepleşikler dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli şanly waka bagyşlanýar.