BEGMYRAT HOJAMYRADOWYŇ DUTARYNYŇ ÝATDAN ÇYKMAJAK MUKAMLARY

photo

Şu günler halkymyz, aýratyn-da, aýdym-saz jemgyýetçiligi şatlykly wakany – dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegini uly dabara bilen belleýär.

Milli saz sungatymyzyň taryhynda halkymyzyň hakyky söýgüsini gazanan zehinli bagşylar az däl. Şolaryň biri özünden soň, örän köp aýdym we saz eserlerini galdyran Begmyrat Hojamyradowdyr. Onuň sesi ýurdumyzyň has alyslardaky oba ýerlerinde hem häli-şindi ýaňlanardy. Begmyrat bagşa ykbalyň özi görnükli halk bagşysy bolmagy, meşhur bagşy-sazandalar maşgalasynyň ̶ atasy Durdy bagşynyň, kakasy Hojamyrat bagşynyň we kakasynyň dogany Halmyrat bagşynyň ýoluny dowam etmegi öňünden kesgitläpdir. Olar halk aýdym-saz eserlerini ajaýyp ýerine ýetirijiler hem-de dutar çalmakda ussatlar hökmünde şöhrat gazanypdyrlar. Begmyrat Hojamyradow 1903-nji ýylda dünýä inýär. Ol çagalyk döwründen başlap, dutary elinden düşürmeýär, kämil çykan döwründe bolsa dutar çalmak – ýerine ýetirijilik sungatynda ussatlyga ýetýär. Onuň ussatlygyna döwlet tarapyndan mynasyp baha berildi. Ol ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen ada eýe bolýar. Ak bugdaý etrabynda Magtymguly atamyzyň adyny göterýän obasynda ýaşan köçesine onuň ady dakyldy.

Göräýmäge, bir bagşynyň beýleki bagşydan dutar çalmakda ýa-da olaryň aýdym, dessan ýerine ýetirmeklerinde tapawut bolmajak ýaly – saz guraly, goşgular, dessanlar hemmesi meňzeş ýaly. Emma, düşünýänler her bir bagşynyň usulyny, tilsimini we ýerine ýetirijilik ussatlygyny tapawutlandyryp bilýärler. Şoňa görä-de, hemme inçe taraplaryny hem-de bagşylaryň özüniň aýdyşy ýaly, olaryň haýsy ýola ýa-da ýerine ýetirijilik usulyna ýykgyn edýändiklerini ýalňyşman kesgitlemegi başarýarlar.

Begmyrat bagşy saz ugrundan bilermenleriň kesgitlemegine görä, bu gün «Damana ýoly» diýlip atlandyrylýan ýoly, aýdym-saz eserlerini ýerine ýetirmegiň usulyny has aýdyň dowam etdirijidir. Damana ýoluna asudalyk, howlukmazlyk, kem-kemden belent perdelere galmak häsiýetlidir. Şeýle yzygiderlilikde aýdym kä köşeşýär, käte-de ýokary joşgun bilen möwç alýar. Şunuň ýaly gurluş aýdymlaryň sazly şahyrana mazmunyny çuňňur açyp görkezmeklige ýardam edýär.

Türkmenistanyň halk artisti Sahy Jepbarow öz ýatlamalarynda «Damana ýolunda» saz çalmagyň hem-de aýdym aýtmagyň aýratyn çylşyrymlylygyny belläp, şeýle diýýär:

«Maňa Durdy bagşy bilen duşuşmak nesip etmedi, ýöne, men onuň şägirtleri bilen gatnaşdym. Olaryň biri – meniň halypam Hally bagşy. Ol öz döwründe Durdy bagşynyň şägirdi bolupdyr. Käwagtlar, Hally bagşy käbir aýdymlary diňe Durdy bagşynyň usuly boýunça ýerine ýetirmelidigini, başgaça aýtsaň, bolmaýandygyny aýdardy. Durdy bagşynyň «Ak ýüzli Maralym» aýdymy – bu özboluşly aýdymydyr we ähli bagşylar üçin ýerine ýetirijilik ussatlygyň nusgasy diýip hasaplaýaryn».

Köp bagşylar Durdy bagşynyň, onuň ogullary Hojamyrat bagşynyň, Halmyrat bagşynyň we agtygy Begmyradyň ýerine ýetiriş tärini özleşdirmek üçin uly yhlas etdiler. Olaryň ýerine ýetiriş usulynda, mysal üçin, «Jereni kyblam» eserini Gökje obasyndan Oraz Sopy bagşy ýerine ýetirdi. «Damana ýoluna» eýerijiler kem-kemden barha köpelip başlady. Olar – Ýazgeldi Kuwwadow, Han Akyýew, Amannazar Ataýew, Sapar Mämiýew we beýlekiler.

Häzir halk bagşylarynyň arasynda «Damana ýolunda» eserleri ýerine ýetirmek özboluşly zehin hasaplanýar. Durdy bagşynyň ogullary Hojamyradyň, Halmyradyň we agtygy Begmyradyň ýerine ýetiriş usuly hem-de täri wagtyň geçmegi bilen, «Zybagözel», «Maýagözel» ýaly aýdymlary ýerine ýetirmekde bu ýoluň ösmegine itergi berdi.

Beýleki görnükli bagşylar bilen bir hatarda, damana ýerine ýetiriş ýolunyň Änew şahasynyň meşhur halypasy – Durdy bagşynyň agtygy – Begmyrat Hojamyradow barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen bagşylarynyň döredijiligine bagyşlanylan «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda ýatlanylýar.

Begmyrat Hojamyradowyň dutarynyň ýatdan çykmajak mukamlary (turkmenistan.gov.tm)