TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNA NEBITIŇ ÇYKARYLÝAN MÖÇBERINI ARTDYRMAK BOÝUNÇA KARZ SERIŞDELERINI BÖLÜP BERMEK TABŞYRYLDY
Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Merkezi banka “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankyna “Türkmennebit” döwlet konsernine nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleri maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini bölüp bermek tabşyryldy.