AŞGABATDA HALKARA PEDIATRIÝA WE STOMATOLOGIÝA MERKEZLERI GURLAR

photo

Hormatly Prezidentimiz bu ugurda Halkara pediatriýa merkezini we paýtagtymyzda ýene-de bir Stomatologiýa merkezini gurmagyň maksadalaýykdygy barada aýtdy hem-de wise-premýere bu meseleleri düýpli öwrenmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda öňüni alyş arassaçylyk çärelerini geçirmegi we bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy dowam etmegiň maksadalaýykdygyny belläp, halkymyzyň saglygynyň döwlet syýasatymyzyň möhüm ileri tutulýan ugry bolup durýandygyna belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda bellenen wezipeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini, şonuň ýaly-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli zerur hasaplanylýan desgalary gurmagy dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.

Aşgabatda Halkara pediatriýa we stomatologiýa merkezleri gurlar (turkmenistan.gov.tm)