HALK MASLAHATY MYNASYBETLI PAÝTAGTYŇ JEMGYÝETÇILIK AWTOBUSLARY ÝÖRITE HATLAR BILEN BEZELDI
11-nji fewralda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi mynasybetli «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň şäheriçi jemgyýetçilik awtobuslar ýazgylar bilen bezeldi.
Awtobuslara ýazylan «Halk Maslahaty – halkyň bähbidine», «Il bagtyýar – ýurt berkarar», «Ýaşasyn parahat durmuş!» ýaly ýazgylar ak ulaglara özboluşly bezeg berip, geçiriljek Halk maslahatynyň halkymyz üçin ähmiýetligini aýdyň görkezýär.
Aşgabadyň jemgyýetçilik awtobuslaryny şu hili ýazgylar bilen bezemek däbi Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy tarapyndan eýýäm birnäçe baýramçylyklarda — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynda, şeýle hem Täze ýyl baýramçylygynda ýola goýuldy.