SUW-BATGALYK ÝERLER – BIOKÖPDÜRLILIGI SAKLAÝAN EKOULGAMLAR
Ramsar konwensiýasynyň sekretariaty hemme fokal-poýntler üçin Konwensiýanyň taraplary bolan ýurtlarda (sanly ulgam arkaly) suw-batgalyk ýerleri goramaga bagyşlanylan okuw maslahatyny geçirdi. Sanly ulgam arkaly geçirilen okuw maslahatynyň netijeleri barada, Merkezi Aziýanyň Ramsar sebitleýin başlangyjynyň Utgaşdyryjy toparynyň agzasy, professor E.A.Rustamow şeýle gürrüň berýär:
Häzirki wagtda 172 döwlet Konwensiýanyň tarapdarlary hasaplanýar. Ilkibaşda Konwensiýa «Suwda ýüzýän guşlaryň mesgen tutýan mekany hökmünde halkara ähmiýete eýe bolan suw-batgalyk ýerleri goramak hakynda Konwensiýa» diýlip atlandyrylýardy we onuň mazmuny goralýan ýerleriň toplumyny döretmek arkaly suw-batgalykdaky guşlary goramaga gönükdirilipdi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen suw-batgalyk mesgenlerini toplumlaýyn goramak wezipeleri ilkinji hatara çykdy. Konwensiýa gerimini giňeldip, suw-batgalyk ýerleri (SBÝ) goramagyň hem-de olardan oýlanyşykly peýdalanmagyň ähli ugurlaryny töwerekleýin alyp, olaryň bioköpdürliligini saklamak bilen adamzadyň hal-ýagdaýyny gorap saklamak üçin örän möhüm ähmiýete eýe bolan ekoulgamlar hökmünde ykrar edildi.
Konwensiýanyň häzirki – «Suw-batgalyk ýerler hakynda Konwensiýa» («Convention on Wetlands») diýen ady hemme ugurlary öz içine alýar. Ol tebigy serişdeleri goramak we aýawly peýdalanmak babatda häzirkizamanyň ählumumy hökümetara şertnamalarynyň ilkinjisidir. Häzir halkara ähmiýetli SBÝ-iň Ramsar sanawynda umumy meýdany 254,685,425 gektardan gowrak bolan 2,435 töweregi Ramsar ýerleri bar. Merkezi Aziýa döwletlerinde şeýle ýerleriň häzirlikçe 21-si bar, olardan Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Тürkmenistanda we Özbegistanda ýerleşýärler.
Şu ýylky okuw maslahatynda howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini peseltmekde ägirt uly ähmiýete eýe bolan suw-batgalyk ýerlerini ykrar etmek esasy mesele boldy. Suw-batgalyk ýerleri mikroklimat döredip, ösümliklere, haýwanlara hem-de adamlara yssy-jöwzany başdan geçirmäge mümkinçilik berýär. Suw-batgalyk ýerleriniň giň gurşawy ýer giňişliginiň taryhy taýdan emele gelen sütüni bolup, olar örän köp sanly göçegçi guşlar üçin dynç alyş ýerleri bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanda Hazar deňziniň kenarlary, Amyderýa jülgesiniň we Garagum derýasynyň ugry boýunça kölleriň ulgamy göçegçi guşlaryň güýz we ýaz pasyllarynda mesgen tutunýan, şeýle hem gyşyň ýyly döwürlerinde gyşlaýan ýerleridir. Ýogsa-da, SBÝ-niň bellenýan gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanda gyşlap, suwda ýüzýän guşlaryň her ýylyň ýanwar aýynda guralýan halkara hasaba alyş çäresi geçirildi. Bu hasaba alyş işleri, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň öňde goýýan wezipesi boýunça Hazar, Gaplaňgyr we Amyderýa goraghanalarynyň tagallasy bilen amala aşyryldy. Hasaba almak çäresi Hazaryň türkmen böleginiň, Altyn asyr, Sarygamyş, Uzynşor, Seýdi, Soltandag, Hanhowuz kölleriniň hemme kenar ýakalary we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy adyndaky Zeýit suw howdany boýunça suw-batgalyk ýerlerinde geçirildi.
Häzirki wagtda suw desgalaryny medeni taýdan tebigy şertlerde saklamaga aýratyn üns bermek teklip edilýär. Şäherdäki suw howdanlaryny suw-batgalyk ýerleriniň Ramsar sanawyna girizmek boýunça ýaýbaňlanan işler dowam edýär we şu babatda Türkmenistan özüni iň oňat nusgasyny görkezýär. Ýurdymyzda «Altyn kölüň» suw-batgalyk ýerlerini Ramsaryň sanawyna girizmek teklibini taýýarlanyldy.
Suwuň ähmiýeti ýyl-ýyldan artýar. Şoňa görä-de, Ramsar Konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde dürli ýurtlaryň alyp barýan işleriniň hem-de tagallalary utgaşdyrmagynyň wajyplygy ýokarlanýar. Ramsar Konwensiýasynyň düzüminde 2005-nji ýyldan başlap, dürli wagtlarda Ramsar Sebitleýin Başlangyçlary döredildi we hereket edýär, şolar anyk sebitlerde SBÝ-niň meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy hem-de kuwwatynyň berkidilmegini goldaýarlar.
Suw-batgalyk ýerler – bioköpdürliligi saklaýan ekoulgamlar (turkmenistan.gov.tm)