«ÝURDUMYZY 2022-NJI ÝYLDA DURMUŞ-YKDYSADY TAÝDAN ÖSDÜRMEGIŇ MAKSATNAMASY» TASSYKLANYLDY

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, 2022-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň köpugurly we durnukly ösüşini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, pudaklarda sanly ykdysadyýeti we döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek hem-de kiçi we orta telekeçiligiň ösüşine döwlet tarapyndan goldaw bermegi dowam etdirmek, ähli sebitlerde ykdysady kuwwaty artdyrmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek we täze iş orunlaryny döretmek, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy» tassyklanyldy.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Maksatnamanyň bellenen möhletlerde talaba laýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy tassyklanyldy (turkmenistan.gov.tm)