TÜRKMENISTAN HALKARA GATNAŞYKLAR BOÝUNÇA «DIALOG — PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI» TÄZE PELSEPÄNI IŞJEŇ DURMUŞA GEÇIRER

Türkmenistan halkara gatnaşyklar boýunça «Dialog — parahatçylygyň kepili» täze pelsepäni işjeň durmuşa geçirer. Bu barada hormatly Prezidentimiz, Türkmensitanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy – Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklar boýunça işläp düzen täze pelsepämizi işjeň durmuşa geçirer. Bu pelsepe anyk kesgitlenen syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn geljegimize, umumy ykrar edilen we hemmelere düşnükli ynsan gymmatlyklaryna esaslanýar.

– Siziň bilşiňiz ýaly, men bu pelsepäni: «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip atlandyrdym. Bütin adamzadyň abadançylygynyň bähbidine, BMG bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde biz Müňýyllygyň maksatlaryny durmuşa geçirmegi dowam ederis. Şu meselede adamlaryň parahat we erkin durmuşyny üpjün etmek hemişe ilkinji orunda durar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmenistan halkara gatnaşyklar boýunça «Dialog — parahatçylygyň kepili» täze pelsepäni işjeň durmuşa geçirer (turkmenistan.gov.tm)