img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI LITWA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI DÖWLETIŇ DIKELDILEN GÜNI BILEN GUTLADY

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Litwa Respublikasynyň Prezidenti Gitanas Nauseda we onuň üsti bilen ýurduň ähli halkyna Litwa döwletiniň dikeldilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, Prezident Gitanas Nauseda berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Litwa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini Döwletiň dikeldilen güni bilen gutlady (turkmenistan.gov.tm)