«EL HÜNÄRI – IL GEZER» ATLY MASLAHAT WE MUZEÝ GAZNALARYNDA SAKLANÝAN KÜRTELERIŇ SERGISI GEÇIRILDI

Türkmen zenanlarynyň çeper eliniň hünäri barada näçe aýtsaň hem az. Zenanlarymyzyň ähli döwürde öz öýüni bezän ajap halylarynyň şan-şöhraty dünýä doldy. Olar öz lybaslaryna aýratyn üns berýärler. Asyrlarboýy türkmen zenanlary lybaslaryny owadan keşdeler bilen keşdeläp, onuň milliligini has-da ösdüripdirler.

Zenany yssydan-sowukdan goraýan başatgyç halk amaly sungatynyň bir bölegidir. Zenanlarymyz ony kümüş şaý-sepler bilen bezelen börügiň üstünden atynypdyrlar.

Türkmenlerde zenanyň ýaşy soralmaýar. Dogrusy, onuň geregem ýok. Çünki onuň başatgyjyndan haýsy ýaş tapgyryndandygyny bilse bolýar. Sebäbi olar zenanyň ýaşyna görä bolýar. Gyzyl, ýaşyl, sary we ak başatgyçlar ýylyň dört paslyny aňladýar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň sergisine baranymyzda biz zenanlarymyzyň başatgyçlarynyň inçe syrlary bilen tanyşdyk. Gyz durmuşa çykanda oňa gyzyl kürte atylýandygyny, kürtäniň «goçak», «tazy guýruk», «okgözi», «tegbent», «çaňňa», «para» keşdeler bilen bezelýändigini muzeýiň işgäri Enejan Altyýewa gürrüň gürrüň berdi. Gelin gyzyl kürtäni 40 gün göterýär.

Soňra gelin gyzyl kürtäni ýaşyl çyrpa çalyşýar we ony 40 ýaşaýança toý-baýramlarda atynýar. Ýaşyl reňk bahary, tebigatyň gülzarlygyny, daşky dünýäniň gözelligini aňladýar, bu hem zenanyň 40 ýaşyna çenli döwre gabat gelýär.

Oral aýal güýzi, miweleriň ýetişen döwrüni aňladýan, ýagny çagalaryny terbiýeläp, dogan-garyndaşlarynyň we goňşularynyň arasynda hormat-sarpa mynasyp bolan zenana kybap sary çyrpy atynýar.

60 ýaşdan geçen ene bolsa at-abraýyň, danalygyň nyşany bolan ak çyrpy atynýar.

Başatgyçlar elde dokalan keteniden tikilýär. Onuň amaly däl-de, bezeglik ähmiýeti bar. Günorta sebitiň zenanlarynda ýasama ýeň gabat gelýär. Olara salynýan keşdä ortaça birnäçe aý sarp edilýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Türkmenistanyň Prezindetiniň käbesi Ogulabat ejäniň baldyzy üçin tiken kürtesi peşgeş berildi.

Şeýle-de, ildeşlerimiz Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasynda surata düşürilýän «Gyzyl kürte» çeper filminiň görkezilerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Sergide ýurdumyzyň sebitleriniň ählisinde ýaşaýan zenanlaryň kürteleriniň 30-dan gowragy görkezilýär. Halylar we Türkmenistanyň halk nakgaşlary Yzzat Gylyjowyň «Jadyly nagyşlar», Şamuhammet Akmuhammedowyň «Halk döredijiligi», Gulnazar Bekmyradowyň «Nagyşlar» ýaly çeper elli zenanlarymyza bagyşlanan suratlary sergä bezeg berýär.

«El hünäri – il gezer» atly maslahat we muzeý gaznalarynda saklanýan kürteleriň sergisi geçirildi (turkmenistan.gov.tm)