ÝURDUMYZDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄRLERI BELLIGE ALMAK ÇÄRELERI DOWAM EDÝÄR

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi boldy. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy we agzalary gatnaşdylar. Agrar partiýanyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlän dalaşgärini bellige almak mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.

Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alyndy. Ol Agrar partiýanyň düýn geçirilen nobatdan daşary IV gurultaýynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenildi hem-de biragyzdan makullanyldy. Gurultaýa jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Gurultaýda Agajan Bekmyradowyň ukyply ýolbaşçy hem-de guramaçydygy, hormata mynasyp hünär we şahsy häsiýetlere eýedigi, munuň bolsa ony ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlemäge esas döredýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alnan Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowa degişli şahsyýetnama gowşuryldy.

A.Bekmyradow Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisine gatnaşyjylara hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, öz bilimini, ukyp-başarnygyny we tejribesini bildirilen ynamy ödemäge gönükdirjekdigine ynandyrdy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 12-nji marta bellenilen Prezident saýlawlaryna taýýarlyk görmek boýunça çäreler dowam edýär. Olaryň hakyky demokratik esasda geçýändigini hem-de Garaşsyz döwletimiziň täze taryhynda möhüm tapgyr boljakdygyny ynam bilen aýdyp bolar.

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri bellige almak çäreleri dowam edýär (turkmenistan.gov.tm)