TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ AŞGABATDAKY WEKILHANALARYNYŇ WE AGENTLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky düzüm birlikleriniň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetirijisi Filipp Saprykin gatnaşdylar.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen alyp barýan özara hereketleriniň netijeliligini bellemek bilen, durmuş-ykdysady ugurly häzirki we geljekki taslamalara seredip geçdiler.

Şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde gazanylan taryhy çözgütler, şonuň ýaly-da 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyklar ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy ugruny düzdi.

Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanalarynyň we agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi (mfa.gov.tm)