TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANAN SPORT ÝARYŞLARY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 16-17-nji fewralynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Aşgabatda ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň toparlarynyň gatnaşmagynda sport ýaryşlary geçirildi.

Ýaryşlar sportuň tennis, kiçi tennis, bilýard we woleýbol görnüşleri boýunça dört ugurda geçirildi.

Bilýard boýunça «Rus piramidasy» oýnunda ABŞ-nyň Ilçihanasy birinji oruna mynasyp boldy. Billiardyň «Pool» görnüşi boýunça oýunda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral birinjiligi eýeledi.   

Olimpiýa sport toplumynda geçirilen woleýbol boýunça ýaryşlarda baýrakly orunlar aşakdaky görnüşde paýlandy: birinji orny Türkmenistanyň DIM-niň topary, ikinji orny ABŞ-nyň Ilçihanasy eýeledi, üçünji orna bolsa Diplomatik korpusyň Ýygyndy topary mynasyp boldy.

Tennis boýunça geçirilen ýaryşlarda birinji orny ÝUNISEF-iň wekilhanasynyň topary, ikinji we üçünji orunlar bolsa Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasynyň diplomatlary tarapyndan eýelendi.

Kiçi tennis boýunça geçirilen ýaryşda BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgäri birinjiligi eýeledi, ikinji orny Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasynyň işgäri we üçünji orny hem  Türkiýe Respublikasynyň Ilçihanasynyň işgäri eýelediler.

Ýokarda görkezilen ýaryşlaryň ýeňijilerine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hormat hatlary, kuboklary we gymmatly sowgatlary gowşuryldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine, bilýard, tennis we woleýbol boýunça milli federasiýalaryna bu ýaryşlaryň geçirilmegi babatynda beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirýär.

Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan sport ýaryşlary geçirildi (mfa.gov.tm)