YLMY IŞLÄP TAÝÝARLAMALAR – ÖNÜMÇILIGE: BUÝAN TOŞAPLY BULKAJYKLAR WE MINERAL SUWY

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasy ylmy ugurlaryň birnäçesini birleşdirýän, şol sanda biomaglumatlar tehnologiýalary babatda barlaglar geçirýär. Barlaghananyň işi ýurdumyzyň azyk bolçulygyna gönükdirilendir. Biz farmakognoziýa ugrundan hünärmenler bilen söhbetdeş bolanymyzda häzirkizaman farmokognostika barlaglarynyň dermanlyk ösümlikleriň we olardan alynýan dermanlaryň görnüşleriniň sanynyň köpelendigini  bildik. Şeýle hem bizi çig maly almagyň dürli usullarynyň, tilsimleriniň we tehnologiýalarynyň jemi ünsümizi özüne çekdi.

Türkmenistanyň YA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasynyň işgärleri buýan köküniň düzümindäki glisirrizin turşusy bilen baýlaşdyrylan azyk önümleriniň taýýarlanyşyny işläp düzdüler. Olaryň teklibi bilen dermanlyk ösümligiň toşabyny «Bereketli» söwda merkezinde bişirilýän çörek önümlerine goşup başladylar. Şeýle hem goýy we gury ekstrakty «Berzeňňi» mineral suwuny öndürýän karhananyň mineral suwuna goşmagy göz öňünde tutýarlar.

Barlaghananyň hünärmenleri synag barlaglarynda buýan kökünde glisirrizin we glisirret turşulyk hem-de antioksidant häsiýetli beýleki maddalary ýüze çykardylar. Olaryň sowuklama garşy netijelidigi subut edildi. Ylmy-barlag institutlarynyň birnäçesinde geçirilen alymlaryň bilelikdäki işlerinde glisirrizin turşulygyň diňe bir öz biologik işjeňligi bolman, eýsem olaryň beýleki dermanlaryň täsirini güýçlendirip bilýändigini görkezdiler. Şonuň üçin hem, alymlaryň pikirine görä, azyk önümlerine goşulan glisirrizin turşuly dermanlar bedende enterferonyň güýçlendirji häsiýetini ýokarlandyryp, işjeňligini artdyrýar.

 Barlaghanada ýerli ösümliklerden bioişjeň maddalary we olardan dermanlyk serişdeleri almak boýunça ylmy işler üstünlikli geçirildi — diýip barlaghananyň müdiri Batyr Daňatarow gürrüň berýär. «Saglyk» derman kärhanasynyň tabşyrygy boýunça barlaghananyň hünärmenleri ýandakdan gury ekstrakt almagyň tehnologiýasyny taýýarladylar we bu ösümligiň dermanlyk häsiýetlerini öwrendiler. Ekstraktyň düzüminde sowuklama garşy aktioksidant we damarlary pugtalandyryjy maddalaryň, mysal üçin  rutiniň, kwersitiniň, lýuteoliniň bardygy subut edildi. Bejerişde ulanmak üçin dermanlyk serişdäniň hiline talaplaryň kadalaşdyryjy resminamalary taýýarlanyldy. Ýandagyň gurak ekstraktyny aşgazan-içege ýollarynyň we damar  keselleriniň öňüni alyş hem-de bejeriş serişdesi hökmünde maslahat berip bolar.

Barlaghananyň işgärleri gurak liofililizirlenen (ýagny çyglandyrylanda başlangyç sypatlaryny dikeldýän) çomujyň sakyzyny taýýarladylar. Çomujyň gurak sakyzynyň aşgazan-içege we öýken keselleriniň öňüni alyş hem-de bejeriş serişdesi, şeýle hem immuniteti güýçlendiriji serişde hökmünde ulanylmagyna garaşylýar.

Çomuç sakyzynyň düzüminde antibakterial we wirusa garşy maddalar – çomuç turşulygy, diallilsulfid, α-pinen, lýuteolin we umbelliferon bar. Dermanlyk serişdeleri almak boýunça işler dowam edýär.

Ylmy işläp taýýarlamalar – önümçilige: buýan toşaply bulkajyklar we mineral suwy (turkmenistan.gov.tm)