SAZAK – GARAGUM SÄHRASYNYŇ GUDRATY

Garagum sährasy diýlende türkmeniň kalby ýaly giň, aňyrsyna – bärsine göz ýetmeýän ýaýylyp ýatan aňňat – aňňat gum depeleri, Günüň mährini, topragyň tagamyny, ýaşaýşa bolan bimöçber yşky özünde jemleýän ösümlik dünýäsi göz öňüňde janlanýar. Garagum sährasy ýurdumyzyň genji – hazynasydyr, onda bitýän ösümlikler bolsa, bu ümmülmez ýaýlanyň gözellik we tebigy keşbini emele getirýän täsinlikler dünýäsidir.

Garagum sährasynyň tokaýlyklary köpdürlüligi we ýaşy boýunça biri–birinden tapawutlanyp, bir gektara agaçlaryň we gyrymsy ösümlikleriň ortaça 300 – 600 düýbi düşýär. Bu tokaýlyklaryň esasy ösümligi bolsa sazakdyr. Sazak pürli agaç bolup, ol görnüşi boýunýa ak we gara sazaklara bölünýär. Ak sazagyň şahalary açyk we kiçi, gara sazagyňky bolsa ýogyn we uly bolýar. Sazagyň, esasan-da ak sazagyň tokaýlyklary sähranyň çägeli ýerlerinde köp duş gelýär. Sazagyň boýy 2 - 3 metrden 5 metre çenli, köküniň uzynlygy bolsa 9 metre çenli ýetýär. Sazagyň düýbüni çäge basanda goşmaça kök ulgamynyň döremegi, gapdallygyna 7,5 metre çenli uzamagy, onuň berdaşly bolmagynda, şeýle hem çägeleri berkitmekde, ýeliň ugruna göçmekden goramakda aýratyn ähmiýeti bardyr. Sazagyň, esasanam gara sazagyň ýerasty suwlara ýetýän güýçli kök ulgamynyň barlygy üçin, ol suwsuzlykdan ejir çekmeýär. Gara sazak Garagum sährasynda, esasan ýerasty suwlaryň ýakyn ýerleşen ýerlerinde, düzlüklerde ösýär.

Sazak ortaça 30 ýyl, kä halatda 50 ýyl ýaşaýar. Bu ösümlik tohumy arkaly köpelýär. Sazagyň fewral aýynyň aýaklaryndan başlap ösýändigini, mart, aprel aýlarynda gülleýändigini bellemeli. Noýabr aýynda onuň tohumy doly bişip ýetişýär.

Garagum sährasynyň ösümlik dünýäsiniň esasy agajy bolan sazagyň gadymyýetden bäri halkymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýeti bardyr. Çarwaçylyk bilen meşgullanan ata – babalarymyz ony odun hökmünde peýdalanypdyrlar. Sazagyň, esasan-da gara sazagyň Günden alýan ýylylygynyň toprakdan alýan zerur maddalary bilen sazlaşmagy netijesinde ýylylyk sygymynyň uly bomagy, onuň uzak wagtlap ýanmagyna, közüniň bolsa uzak wagtlap saklanmagyna ýardam edýär. Sazagyň oduna gaýnan çaýyň, bişirilen naharyň tagamy has tagamly bolýar. Sazak odunyň goruna gömlüp bişirilen gömme çöregiň tagamy ony iýen her bir adama lezzet berýär.

Sazak gadymyýetden bäri melhemlik ösümlik hökmünde peýdalanylýar, onuň ody-da, külü-de melhemlikdir. Sazak tüssesiniň nerw ulgamyny rahatlandyrmakdaky ähmiýeti uludyr. Halk lukmançylygynda sazagyň pürüni suw bilen garyp çagalara içiripdirler we ony içegelerdäki ýokanç keselleri aýyrýan bejeriji serişde hökmünde ulanypdyrlar. Çaga bir zatdan gorkanynda hem sazagyň küli suwa garylyp içirilipdir. Şonuň ýaly-da aşgazanda sökellik dörände sazagyň közüni suwly käsä atyp, ondan melhemlik taýynlapdyrlar. Käsedäki suw durlanandan soňra az-kemden içilende ol aşgazandaky derdi dep etmeklige ýardam edipdir. Häzirki wagtda sazagyň külünden himiýa senagaty üçin çig mal almak bolýandygyny alymlar belleýärler. Öňki döwürlerde ussat pederlerimiz sazak odunynyň külüni dürli maksatlar üçin peýdalanypdyrlar. Soýulan erkegiň derisi eýlenende sazagyň küli ulanylypdyr. Arassalanyp, ýüzi suwlanandan soňra, deriniň üstüne sazagyň külüni sepipdirler. Düzüminde aşgar bolansoň sazagyň küli deriniň eýini ýetirmekde, ýumşadyp, hojalyk hajatlary üçin ulanmakda ähmiýetli bolupdyr. Şeýle usul bilen guýudan suw çekmäge niýetlenen gowa ýasalypdyr. Sazak ösümliginiň Garagum sährasynda bakylýan mallar üçin ot – iýmdigini, onuň pürlerini ýylyň bütin dowamynda düýeleriň, güýz – gyş paslynda bolsa dowarlaryň iýýändigini belläp geçmek hem möhümdir.

Aslynda bu täsin ösümligiň “sazak” adynyň gelip çykyşyny bilmek hem gyzyklydyr. Bu barada birnäçe çaklamalar bar. Belli alym Soltanşa Atanyýazow “sazak” sözüniň etimologiýasyny şeýle kesgitleýär: “Oduny ýiti gyzgynlyk berýän bu çöl ösümliginiň gadymy türki dillerde süksük, söksök, soňkurak döwürde Altyn Ordanyň türki ilatynyň gepleşiklerinde seksewül, (sagsagyl) ýaly görnüşlerde ulanylypdyr.

Häzirki wagtda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda sebitiň ekologiki abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlygyny, biodürlüligini aýap saklamak boýunça tutumly işler alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň genji – hazynasy bolan Garagum sährasynyň bezegi bolan ösümlik dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga we geljekki nesillere ýetirmeklige aýratyn ýardam eder.

Sazak – Garagum sährasynyň gudraty (turkmenistan.gov.tm)