TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ESTONIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI ÝURDUŇ GARAŞSYZLYK GÜNI BILEN GUTLADY

photo

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karisi hem-de ýurduň halkyny Estoniýa Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.

Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Prezident Alar Karise berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Estoniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady (turkmenistan.gov.tm)