«TALYP GÖZELI — 2022» GÖZELLIK BÄSLEŞIGI JEMLENDI
Paýtagtymyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara Zenanlarlar güni mynasybetli her ýyl geçirilýän «Talyp gözeli» atly bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň gözel gyzlary hormat sekisinde jemlendi. «Talyp gözeli — 2022» adyna we bäsleşigiň baş baýragyna Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň birinji ýyl talyby Gülbäbek Mämmedowa mynasyp boldy.
Bu ýyl ýeňijiler üçin alty sany — birinji ýer, iki sany ikinji ýer we üç sany üçünji baýrakly ýer göz öňünde tutulypdy. Şeýle hem, bäsleşikde duýgudaşlyk baýragy hökmünde goşmaça baýrakly ýerler döredildi.
Bäsleşige gatnaşanlar özlerini hemmetaraplaýyn ösen şahsyýet hökmünde görkezmek bilen, görnükli medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat bolan emin agzalarynyň dykgatyna sazly sahna kompozisiýalaryny, aýdym-saz we tans çykyşlaryny hödürlemek bilen çykyş etdiler. Däp bolşy ýaly, bäsdeşler türkmeniň milli tagamy bolan aş kesip unaş tagamyny bişirmek boýunça bäsdeşdiler.
Bäsleşigiň möhüm tapgyry el işlerine bagyşlandy, gyzlar milli nagyşlaryň dürli görnüşleri boýunça çeperligini we başarnyklaryny görkezip, bu synagyň hem hötdesinden geldiler.
Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere çäräni guranlaryň — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň we ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy.
«Talyp gözeli — 2022» gözellik bäsleşigi jemlendi (turkmenistan.gov.tm)