img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Waagn Haçaturýana Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Waagn Haçaturýana berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Ermenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady (turkmenistan.gov.tm)