BAGŞYÇYLYK SUNGATYNY WASP EDIP

photo

Türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti, bahasyna ýetip bolmajak medeni mirasy, şol sanda, halk sungatynyň hazynasy — asyrlaryň dowamynda emele gelen milli ruhy-medeni gymmatlyklaryny we däp-dessurlaryny ussatlyk bilen açyp görkezýän ussat sazandaly bagşyçylyk sungaty ýurdumyzyň suratkeşleriniň ünsünden düşmän gelýär.

Türkmen bagşyçylyk sungatyna bagyşlanan eserleriň tutuş bir galereýasyny döreden ýaş türkmen suratkeşleriniň biri-de Merdan Kakabaýewdir. Onuň, esasan, kompozisiýa görnüşinde döreden täze eserler toplumy-da, halk döredijiliginiň aýdym-saza degişli mowzugyna, şol sanda bagşynyň aýrylmaz ýanýoldaşy dutardyr gyjaga bagyşlanypdyr. Halk ertekilerine we dessanlaryna degişli gahrymanlaryň, milli sungata degişli meşhur wekilleriň, häzirki zaman kaşaň binalaryň fonunda çekilmegi goldanylmaly çözgütdir.

Şeýtmek bilen awtor asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan medeni däp-dessurlarymyzyň nesilden-nesle geçip, bize galan mirasdygyny we çeperçilik gymmatlyklary hem däp-dessurlary goraglap ösdürmekde bagşylaryň uly zähmetini görkezmäge çalyşýar.

Merdan Kakabaýew bagşyçylyk sungatyna degişli bolan meşhur kyssaçy bagşylaryň Baýar bagşynyň, Nazar Baganyň, Palta bagşynyň, Magtymguly Garlynyň, gyjakçy Sapar Bekiniň şekillerini döretdi. M.Kakabaýew bu portretleriň köpüsini Daşoguz welaýatynyň ýerli taryhy muzeýine sowgat etdi.

Bagşyçylyk sungatyny wasp edip (turkmenistan.gov.tm)