«TÜRKMENENERGOGURLUŞYK» KONSERNINE OWGANYSTANYŇ KOMPANIÝASY BILEN ŞERTNAMA BAGLAŞMAGA YGTYÝAR BERILDI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, şeýle hem «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan» elektrik geçirijisiniň taslamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergogurluşyk» konsernine Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän Nur-el-Jahad elektrik bekedinde açyk paýlaýjy desgalaryň taslama, üpjünçilik, gurluşyk-gurnama, synag we işe girizmek işlerini ýerine ýetirmek barada Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» kompaniýasy bilen degişli şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61515/turkmenenergogurlusyk-konsernine-owganystanyn-kompaniyasy-bilen-sertnama-baglasmaga-ygtyyar-berildi