OWAZYŇ ÄLEME ÝAÝRAN, DUTARYM!
Gahryman Arkadagymyzyň halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek barada aýdanlaryndan ugur alnyp häzirki döwürde ýurdumyzyň Lebap welaýatynda hem ussat halypalardan bu hormatly hünäri ele alýan zehinli ýaşlaryň sany barha artýar. Ýaş nesle bu sungatyň inçe syrlaryny öwredýän şeýle halypalaryň biri hem dutar ýasamak senetkärçiligini ykbal edinen halypa dutar ussasy, Halaç etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň zähmet mugallymy Agamyrat Rozyýewdir.
Agamyrat entek 10 ýaşynda mahaly etrabyň çagalar sungat mekdebiniň dutar synpyna okuwa barýar. Ol hut şol ýyllardan başlap hem kakasynyň ussahanasynda dutar ýasamaklyga synanyşyp başlaýar. Başdaky şowsuzlyklar Agamyrady ruhdan düşürmeýär. Wagtyň geçmegi bilen kem-kemden kämilleşýän Agamyrat, eýýäm orta mekdebiň ahyrky synplarynda juda kämil bolmasa-da owaz berip bilýän dutarlary ýasamaklygyň hötdesinden gelýär. Oglunyň dutar ýasamaklyk senedine zehin-yhlasyny duýan kakasy ony uly halypalara şägitlige bermekligi maksat edinýär. J.Rozyýew şol döwürlerde Aşgabat şäherinde geçirilen oba hojalyk işgärleriniň maslahatynda Gökdepe etrabynyň daýhan birleşikleriniň biriniň başlygy bilen tanyşýar we ogly Agamyrat barada gürrüň berýär. Gökdepeli daýhan birleşiginiň başlygy bolsa, öz obalarynda belli dutar ussasy Agamyrat Rejepowyň ýaşaýandygyny, Jumamyrada, eger islese halypa dutar ussay bilen tanyş edip bikjekdigini aýdýar. Gökdepeli halypa dutar ussasy Agamyrat Rejepow Jumamyrat Rozyýewiň haýyşyny kabul edýär we Halaç etrabyna - olaryň öýüne myhmançylyga gelip, onuň ogly Agamyradyň ukybyny synlaýar. Ussat senetkäriň ýaş zehine syny oturýar. Şundan soňra bu iki maşgalanyň arasynda bu jadyly senediň döreden duz-çörekli gatnaşyklary, ussadyň bolsa ýaş zehine halypaçylygy başlanýar. Gökdepeli halypanyň boş wagt tapan pursatlary uzak ýola garamazdan şägirdiniň öýüne gelmekligi, orta mekdepde okaýan şägirdiň bolsa tomusky, gyşky we beýleki dynç alyş günlerinde halypanyň öýünde dutar ýasamaklygyň inçe syrlaryny öwrenmekligi Agamyrat Rozyýewiň barha kämilleşmegine, bu sungatyň iň inçe tilsimlerini ele almaklygyna ýardam edýär. Ol kem-kemden özbaşdak işläp, bagşy-sazandalaryň göwnünden turýan kämil dutarlary ýasamaklygy başarýar.
Häzirki wagtda özi halypaçylyga ýetişen, zehinli ýaşlaryň ençemesine bu jadyly saz guralyny ýasamaklygyň inçe syrlaryny öwredýän Agamyrat Rozyýew halypasy Agamyrat Rejepowy uly hormat bilen ýatlaýar. Halypa dutar ussasy Agamyrat Rozyýew öz ogly, häzirki wagtda orta mekdebiň 7–nji synpynda okaýan Kömekmyrat Agamyradowyň hem bu hormatly hünäre yhlas edýändigini, okuwdan boş wagtlary ussahanadan çykman bu sungatyň gizlin syrlaryny öwrenýändigini buýsanç bilen belleýär.
Milli we medeni mirasymyzyň barha dabaralanýan, ruhy ýörelgämize öwrülýän bagtyýar zamanamyzda halypa dutar ussasy Agamyrat Rozyýewiň ýasan dutarlary ýurdumyzyň çar künjünde ussat sazandalaryň elinde toý-baýramlarda ýaňlanýar. Ýakynda Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa, bagtyýar raýatlarymyzyň ählisinde bolşy ýaly halypa senetkär Agamyrat Rozyýewde hem uly şatlyk we buýsanç duýgularyny döretdi. Ussat senetkär milli mirasymyza, türkmen medeniýetine, aýdym-saz sungatyna belent sarpa goýulýan eşretli zamanada ýaşaýandygy, milli dutarymyzyň owazynyň dünýä seýran edýändigi, dutar ussasy diýlen hormatly adyň eýesidigi üçin özüni juda bagtly hasaplaýar.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61643/owazyn-aleme-yayran-dutarym