SAHNADA GÜNDOGAR ROWAÝATY

photo

Arykdan akyp barýan terje bir gyzyl alma gözi düşen ýigit ony alýar-da, dessine ony dişleýär. Derrewem: «Kimdir biri muny ekendir, yhlas siňdirip ýetişdirendir. Menem hiç bir azapsyz ony iýjek bolýaryn. Indi munuň eýesini tapaýyn-da, ýa ony razy edeýin, ýa-da ondan ötünç soraýyn» – diýýär.

Ýetginjek bag eýesini gözläp tapýar, ol garry mama ekeni. Ene diňe bir şert bilen: eger ýigit agtygyna öýlense günäsini geçjekdigini aýdar. Ýigit razy bolýar. Garry oňa:

– Ýöne agtygym elsiz-aýaksyz, gözsüzdir – diýýär.

Bu rowaýat Gündogar halklarynyň hersinde bir hili berilýär. Özbek dramaturgy Hoja Abbas ony öz «Gyzyl alma» pýesasynda ulanypdyr. Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda türkmen we özbek halklarynyň dostlugyna bagyşlanyp bu eser esasynda spektakl goýuldy. Ol özbegistanly dostlarymyza täze «Daşkent» dynç alyş seýilgähiniň açylyşynda görkeziler.

Onuň türkmençe görnüşinde altynsow datly gawun ýigidi özüne maýyl edýär. Kyn güne düşen ýigit durşuna kemlik bolup duran gyza öýlenmäge mejbur bolýar. Dogrusy, ugurtapyjy mamasy agtygyna päkgöwün, dogruçyl, wyždanly hem-de sözünde durup bilýän ýar tapmak isläpdir.

Bu sazly komediýany Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aşyrmuhammet Rahmanow sahnalaşdyrdy. Ol bu rowaýat boýunça wideofilm hem düşüripdi.

– Men spektala entek sahnada özüni doly açyp bilmedik ýaş aktýorlary ýörite saýlap, olara «Gyzyl alma» spektaklynda özüni görkezmäge maý berdim. Öňümizde iki wezipe bardy: rowaýatyň manysyny açyp görkezýän gülküli, özem özbek ruhundaky oýun görkezmelidik. Ony başaryp-başarmanymyza tomaşaçylar baha bererler – diýip Aşyrmuhammet Rahmanow gürrüň berýär.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61545/sahnada-gundogar-rowayaty