AŞGABATDA ÝAPON KERAMIKASYNYŇ SERGISI GEÇIRILÝÄR

photo

Aşgabatdaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Ýakisime» ýapon keramikasynyň sergisi açyldy.

Göçme sergini Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Ýapon gaznasy bilen bilelikde gurady. Ol 28-nji marta çenli dowam eder.

Sergi «Ýakisimeniň döreýşi», «Çaý däbi we ýakisime», «Ýapon aşhana däpleri we ýakisime» hem-de «Ýakisime sungat esbaplary» atlandyrylan dört bölümden ybarat bolup, Ýaponiýanda dörän özboluşly keramika sungaty bilen tanyşdyrýar.

Farfor, faýans, ýa bolmasa toýundan ýasalýan sadaja keramiki önümler dünýäniň ähli ýerinde taýýarlanylýar. Ýöne Ýaponiýada syrçasyz bişirilýän ýakisime keramikasy gündelik durmuşda azyk we suw üçin ulanylýar.

Ýakisime – keramika önimçiliginiň has gadymy usuly. Oňa bezeg bermek we onuň suw geçirmezligi üçin aýnaşekil syrça çalmaýarlar-da, ony «ana gama» diýilýän ýörite kürelerde has güýçli gyzgynlykda bişirýärler. Küräniň küli toýnuň daşyna düşüp, ereýär-de, çak edilmeýän şekil – tebigy kül syrça döreýär. Külüň we alawyň täsiri bilen her gezek üýtgeşik nagyş – tebigy kül syrça döreýär.

Ýakisime keramikasynyň iň irki önümleri IV-V asyrlarda döräpdir. Bu usul orta asyrlardan başlap, häzirki günlerimize çenli örän meşhurdyr. Ýakisime keramikasy Ýaponiýanyň ähli sebitinde öndürilipdir. Bidzen, Sigaraki we Tokoname onuň esasy öndürilýän ýerleridir.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61434/asgabatda-yapon-keramikasynyn-sergisi-gecirilyar