EKOLOGIÝA TAÝDAN ARASSA ÖNÜMLER
Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň dolandyryş merkezinde ýerleşýän «Türkmen çаrwа» hususy kärhanasynyň hünärmenleriniň öndürýän mebelleri ýurdumyzyň bazarynda öz ornuny tapdy. Önümçiligiň döredilenine bary-ýogy birnäçe aý bolan bolsa-da, bu ýerde taýýarlanýan dürli dizaýnly, edara we aşhana mebellerine alyjylaryň arasynda isleg uly, muňa olary taýýarlamaga berilýän buýurmalaryň köplügi hem şaýatlyk edýär. Muňa, köp babatda, öndürilýän önümiň ýokary hilliligi, gelşikli dizaýny, önümçilikde ekologiýa taýdan ýaramly materiallaryň ulanylmagy ýardam edýär.
Kärhananyň hünärmenleri öz önümleriniň otaglarda amatly we oňaýly şert döretmeginden ugur alýarlar. Şeýle ugur olara eýýäm köp möçberde dürli mebel taýýarlamaga mümkinçilik berdi. Bu ýerde mebelden başga-da, plastik penjireler, dürli dizaýnly ýeňil we berk otagara gapylar, ýyladyş batareýalary üçin bezeglikler we beýleki önümler çykarylýar.
Dürli görnüşli önümleriň çykarylmagyna satyn alnan we bu ýerde oturdylan ýokary öndürijilikli ýörite enjamlar ýardam edýär.
Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde täze ýaşaýyş, söwda we edara jaýlarynyň ýokary depginde gurulmagy geljekde mebelleriň dürli görnüşlerine durnukly isleg bildiriljekdigini aňladýar.Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň dürli künjeklerinde bu ugurda hususy kärhanalaryň birnäçesi işleýär. Bazaryň ýagdaýyny çalt aňmak we önümçiligi has islegli mebel önümlerini öndürmäge gönükdirmek, olara bu işi ýokary girdejili telekeçilige öwürmäge mümkinçilik berýär.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61572/ekologiya-taydan-arassa-onumler