ATAGELDI GARÝAGDYÝEW – ÝURDUMYZYŇ ALTYN BARITONY

photo

70 ýaşynyň dolmagynyň öňüsyrasyndaky häzirki günlerde ýurdumyzyň birinji wokalçysy Atageldi Garýagdyýew žurnalistleriň üns merkezinde.

M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň özbaşdak (solo) aýdym aýtmak kafedrasynyň müdiri Amangeldi Amanowyň ýatlamalaryndan:

- Heňiz akkordeon ugrundan sazçylyk mekdebinde okaýan oglan döwrüm bize, Gazojaga Atageldi Garýagdyýew geldi. Onuň beren konsertindäki aýdymlary owadan owazy bilen ildeşlerimizi haýran edipdi. Şol döwürde meşhur «Aşgabat» aýdymyny gaýta-gaýta aýtmagy haýyş edendikleri ýadymda galypdyr. Şeýdibem Atageldi Garýagdyýewiň özi bilmezden, meniň ykbalyma güýçli täsir etdi.

Belki, Amangeldi Amanow ýurdumyzyň altyn batirtonynyň täsiri ýeten ýeke adam däl bolsa gerek.

Ýurdumyzyň altyn abrirtony tas nakgaş bolupdy

70 ýyl mundan ozal Mary welaýatynyň Egrigüzer obasynda dünýä inen çaga Atageldi diýip at berdiler. Belki, ol bagt ýyldyzynyň astynda doglandyr, sebäbi syrdamja oglanjyk hoşamaý hem alçakdy. Galyberse-de, ol surat çekmäge ökdedi, aýdym aýdyşyna göwni ýeten obadaşlary ony toýlara çagyrardylar.

1967-nji ýylda Atageldi Garýagdyýew Aşgabatda geçirilen çeper höwesjeňler gözden geçirilişiniň laureaty boldy.

Agasy inisiniň nakgaş bolaryny isleýärdi. Ol Atageldi aýdyma şeýle-de ökde, nakgaşlyga welin okamaly diýip pikir edýärdi. Olar suratlarynyň birnäçesini alyp, Türkmen döwlet çeperçilik ýörite orta hünär mekdebine girmek üçin Aşgabada gaýtdylar. Gowy ýeri, eýýäm olar gelýänçä resminamalary kabul ediş wagty tamamlanypdy. Hamala, ykbal Atageldi Garýagdyýewi gaýry ýollardan saklaýan ýalydy.

Barybir aýdymçy boldy

Şondan iki ýyl soň doly orta bilim alan ýetginjegiň indi bir özi Aşgabada gelýär-de, resminamalaryny bu gezek Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk ýörite orta hünär mekdebine tabşyrýar. Ýöne bu gezegem şowsuz.

Aljyran ýetginjegiň dadyna Alik Halykmämmedowiç Garajaýew ýetişmedik bolsa, Altyn baritonyň ykbalynyň neneňsi boljagy belli däldi.

Ýaş Atageldä durmuşda onuň zehininiň ösmegine kömek eden ýagşy adamlaryň köp duşandygyny-da aýtmak gerek.

- Alik Halykmämmedowiç maňa «seniň sesiň biziň baýlygymyz, şonuň üçinem ony aýawly saklaly. Häzirlikçe aýdym aýtma-da, diňläber hem ýat tutuber» diýdi –diýip Atageldi Garýagdyýew ilkinji mugallymyny ýatlaýar.

Aslynda Alik Halykmämmedowiç maňa wokal älemine ýol açdy. Eýýäm ikinji ýyl talyby wagtym sesimde erkekler notalary döräp başlady – sesim durnuklaşdy, onsoň men sesime zeper ýetirmezden aýdym aýdyp başladym - diýip Atageldi Garýagdyýew ilkinji mugallymyny mähir bilen ýatlaýar.

Nury Halmämmedowa duşmagy

- Žurnalistler menden köplenç eger-de Nury Halmämmedowa duşmadyk bolsaňyz, döredijligiňiz nähili bolardy? – diýip soraýarlar. Elbetde, aýdymçy bolsam bolardym, ýöne häzirki derejäme, belki, ýetmezdim. Nury Halmämmedow bilen dostlugym maňa uçmaga ganat beren ýaly boldy. Men ajaýyp kompozitora ilkinji gezet gabat gelşim barada ozalam kän gürrüň beripdim, ýene aýdaýyn.

Bir gezek ýörite orta hünär mekdebinde sapagyň dowamynda auditoriýa kiçeňräk boýly biri garady.

Mugallym:

- Gel, Nury. Şu talybyň seniň «Aşgabat» aýdymyňy aýdyşyny diňlesene – diýdi.

Men mugallymyň sazandarlygynda şol aýdymy aýtdym. Ol:

- Men bu aýdymy seniň üçin ýazdym, ýöne sen kadensiýaňy gowulamaly-diýipdi.

Men bu aýdymy Medeniýet Şahberdiýewanyň aýdýanyny bilýärdim, şonuň üçin hem ony meniň üçin ýazmadygy bellidi, şonda-da awtoryň hut öz dilinden hoş söz eşitmek ýakymlydy.

Biraz salymdan Nury Halmämmedow mawy gözli görmegeý bir kişi bilen geldi-de:

- Tanyş bol, Gurbannazar Ezizow – diýdi.

Aýagymda ysgyn galmady. Ýoldaşlarymyň ählisiniň goşgylaryny höwes bilen okaýan şahyry Gurnananzar Ezizowynyň hut özüdi!

Bu gezek Nury Halmämmedow maňa «Uruşda wepat bolan gahrymanlaryň hatyrasyna rekwiýem» (sazy Nury Halmämmedowyňky, sözleri Gurbannazar Ezizowyňky) hor we simfoniki orkestr üçin üç bölümli wokal-simfoniki poemany özbaşdak (solo) aýtmagymy teklip etdi. Düýnki oba oglany maňa şeýle tanymal adamlar bilen ýöne söhbetdeşligiň özi ýetdirmejek zatdy! Düýş bolaýmasyn?!

Çykyşymyz gaty üýtgeşik boldy! Horuň sazlaşykly aýdymy, dirižýor Hydyr Allanurowyň ýolbaşçylygyndaky güýçli simfoniki orkestr, onsoňam men – sazçylyk ýörite orta hünär mekdebiniň talyby – bu juda tolgundyryjy pursatlardy.

Moskwada 5 ýyla derek 7 ýyl okuw

Sazçylyk ýörite orta hünär mekdebini tamamlanymdam soň meni P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa konserwatoriýasyna okuwa iberdiler. Sesimiň güýçlidigi üçin meni iki ýyllyk taýýarlyk okuwyna aldylar. Birbada okuwyň iki ýyl artýanlygynyň nähili artykmaçlygynyň bardygyna düşünmäni oňa gynanypdym. Onuň maňa haýryna kärine ýokary derejede ussatlaryň arasyna düşemsoň düşünip galdym. Men olardan opera aýdymyny, sahnada özüňi alyp barmagy, operalardan ariýalary aýtmak üçin rus dilini öwrendim. Men bu gyzykly, peýdaly döwür üçin ykbalymdan müň kerem razydyryn.

Moskwada Nury Halmämmedowyň dostlary kändi, ýöne her gezek bu ýere gelende meniň ýanyma gelýärdi. Täze aýdymlary getirerdi, gazanýan üstünliklerim gyzyklanardy. Bir gezek: «Men seniň üçin 5 ýyla ýeter ýaly aýdym ýazdym» -diýdi. Indi men ajaýyp kompozitoryň maňa bütin ömrüme ýeter ýaly aýdym ýazyp gidenligini aýdaýyn. Men häli-häzire çenli onuň aýdymlaryny aýdýaryn, olar diňleýjileriň täze nesliniň arasynda hem meşhurlygyny ýitirenok.

Atageldi Garýagdyýew harby gullukda

- Dogrusy, harby gullugyň hasabyna Moskwada ýene bir ýyl artyk boldum. Bäşinji ýyl talyby wagtym 27 ýaşadym – harby gulluga gitmeli aňryçäk ýaşymdadym, onsoň harby wekillikden çakylyk geldi. Men eýýäm şol döwür maşgalalydym, bir çagam bardy. Ilki meni Samarkanda iberdiler, soňra Moskwanyň etegindäki Barybino obasyna geçirdiler. Gysga wagtda meniň gulluk edýän harby bölümime gelnim Bikäniň ekiz çagasy boldy diýip habar geldi. Men üýtggeşik esgerdim – opera aýdymçysy hem üç çaganyň atasydym – 18 ýaşly ýetginjekleriň – gullukdaşlarymyň arasynda saýry gelýärdim.

Dogrusy, harby gullugyňam maňa peýdasy köp boldy, men gowy taplandym. Muňa berk düzgün-tertip, ýeterlik iýmit we beden taýýarlygy gowy ýardam etdi. Konserwatoriýada okaýan döwrüm öýkenimi berkitmek üçin suwda ýüzýärdim. Gullukdakam aýdymyň başyny başlaýan ajap aýdymçydym!

Harby lybasy fraga çalyşdym

Harby gullukda bir ýyl edil bir aý ýaly çalt geçdi, harby lybasdan ýene fraga geçmek aňsat däldi. Ýöne diplom işimi taýýarlamalydym, bu hem özümi tijemegi talap edýärdi. Men P.I.Çaýkowskiniň «Iolanta» operasyndan Robertiň partiýasyny öwrenip başladym. «Iolanta» diplom işim uly üstünlik gazandy. Zaly dolduryp oturan tomaşaçylar menden ony ençeme gezek gaýtalamagy haýyş etdiler. Şeýdibem diplom işimi bäşlige tabşyrdym!

1979-njy ýylda GITIS-iň (TSDI-nyň) uçurymy Bike hem çagalarym bilen Aşgabada dolandyk. Magtymguly adyndaky Opera we balet teatrynyň döredijilik toparyna goşulyp, kärdeşlerim bilen başarnygymy paýlaşdym.

Türkmenistanyň halk artisti konserwatoriýanyň professory

Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew indi 6 ýyl bäri konserwatoriýanyň professory hem. Ol Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň solo aýdymyçylygy kafedrasynda talyplara sapak berýär. Halypa ikinji ýyl talyplary Dünýägözel Begalyýewa (soprano) we Mansur Şaripowa (tenor), dördünji ýyl talyplary Ýazmyrat Hudaýberdiýewe (bariton) we Meýli Suhanowa (tenor) uly ynam bildirýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda her ýyl konserwatoriýanyň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda opera goýmak indi däbe öwrüldi. Adatça, her operada Atageldi Garýagdyýew partiýalaryň birini ýerine ýetirýär.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61742/atageldi-garyagdyyew-yurdumyzyn-altyn-baritony