OBA HOJALYGY ÜÇIN TÄZE TEHNIKALAR WE TEHNOLOGIÝALAR

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda çykyşynda ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biridigini nygtady.

– Munuň üçin biz dünýä standartlaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçiliklerini dörederis. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümlerini özümizde giňden öndürip, olaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrarys – diýip döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistan oba hojalyk tehnikalaryny satyn almakda «John Deere» (ABŞ) we «CLAAS» (GFR) ýaly dünýä belli kompaniýalary bilen köp ýyllar bäri hyzmatdaşlyk edýär. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde agzalan kompaniýalaryň okuw merkezleri açyldy, olar talyplara ýokary derejeli bilim bermek we ýokary öndürijilikli tehnikany dolandyrmak başarnyklaryny öwretmek üçin oba hojalyk önümçiliginde ulanylýan häzirki zaman usullary barada giňişleýin bilim berýärler.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we «John Deere International GmbH» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda daşary ýurtly hünärmenler bu ýokary okuw jaýynyň oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň talyplaryna iň täze tehnologiýalary öwredýärler. Sanly telematika ulgamyny, ýurdumyzyň oba hojalygynda ulanylýan tehnikalaryň gurluşyny we işleýşini, olara tehniki hyzmatyň hem-de tehnikalary ulanmagyň aýratynlyklaryna aýratyn üns berilýär. Merkezde geçirilýän okuwlar milli ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagy üçin kärine ussat hünärmenelri taýýarlamagyň aýrylmaz bölegidir.

Ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Claas» kompaniýasynyň traktorlary, galla we pagta ýygyjy kombaýnlary, beýleki oba hojalyk tehnilkalary giňden ulanylýar. S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň ýanyndaky okuw merkezinde kompaniýanyň öndürýän tehnikalarynyň tehniki enjamlaryny, olara hyzmaty we tehnikalary ulanmagy jikme-jik öwrenýärler.

S.A.Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary «CLAAS» kompaniýasynyň hyzmat merkeziniň hünärmenleri bilen bilelikde ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda telematika ulgamyny ulanmak boýunça barlag synaglaryna gatnaşýarlar. «CLAAS» kompaniýasynyň täzelenen «TELEMATICS» meýdançasy hakyky wagt düzgüninde tehnikalaryň ählisine gözegçilik etmäge däl, eýsem ýerine ýetirilýän oba hojalyk işlerini resminamlaşdyrmaga hem mümkinçilik berýär. Maşyndan gelýän tehniki-ulanylyş we agronomik maglumatlar goşmaça çykdajysyz maglumatlar gorunda saklanylýar, işlenilenden soň gyzyklanýan taraplaryň ählisine: mülkdarlara, hyzmat gulluklaryna, tehnikany öndüriji kärhanalara iberilýär, bu bolsa olara öz telekeçiliginiň netijeliligini we maksada gönükdirilmegini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61770/oba-hojalygy-ucin-taze-tehnikalar-we-tehnologiyalar