LÝUKSEMBURGDA GEÇIRILJEK DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDA TÜRKMEN HOKKEÝÇILERINIŇ OÝUNLARYNYŇ TÄZE TERTIPNAMASY TASSYKLANDY

photo

Halkara hokkeý federasiýasy (IIHF) 2022-nji ýylyň 3 – 8-nji aprelinde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň gatnaşmagynda Lýuksemburgda geçiriljek “A” toparyň üçünji bölüminde dünýä çempionaty üçin oýunlaryň täze tertipnamasyny tassyklady.

Başda bu ýaryşa alty topar gatnaşmalydy. Emma fewral aýynda KHDR-iň milli ýygyndysy koronawirus pandemiýasy sebäpli Dünýä çempionatyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi. Netijede “B” toparyň ikinji bölüminde çykyş etmek hukugy ugrunda bäş topar – Lýuksemburgyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Taýwanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň toparlary güýç synanyşarlar.

Halkara hokkeý federasiýasynyň saýtynda habar berlişine görä, türkmen hokkeýçileri Dünýä çempionatynda ilkinji duşuşygyny 3-nji aprelde BAE-niň topary bilen geçirer. 5-nji aprelde Lýuksemburgyň topary, 7-nji aprelde Taýwanly garşydaşlary bilen oýnar we ýaryşy 8-nji aprelde Türkiýäniň topary bilen duşuşyp tamamlar.

Duşuşyklaryň hemmesi Lýuksemburgyň Kokelşöýe meýdançasynda geçiriler.

“B” toparyň ikinji bölüminiň 2023-nji ýyldaky dünýä çempionatyna gatnaşmaga diňe Lýuksemburgda geçirilen ýaryşyň ýeňijisi hukuk gazanar.

Türkmenistanyň hokkeý federasiýasynyň başlygy Jora Hudaýberdiýewiň aýdyşy ýaly, ýurdumyzyň üç hokkeý klubundan - “Galkandan”, “Şirden” we “Oguzhandan” 20 hokkeýçi milli ýygyndy toparyň düzüminde Lýuksemburgda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlanýar.

Dünýä çempionatyna Türkmenistanyň milli ýygyndysyny baş tälimçi Baýram Allaýarow taýýarlaýar, onuň ýolbaşçylygynda hokkeýçilerimiz 2017-nji ýylda Sapporoda (Ýaponiýa) geçirilen VIII Aziýa gyş oýunlarynyň meýilnamasynda ikinji bölüm ýaryşynda kiçi altyn medal gazandylar, 2018-nji ýylda bolsa dört toparyň gatnaşmagynda Saraýewoda (Bosniýa we Gersegowina) dünýä çempionaty üçin saýlama ýaryşda ýeňiş gazandylar we 2019-njy ýylda Sofiýada (Bolgariýa) dünýä çempionatynda ilkinji gezek çykyş edip, üçünji bölümde üçünji orny eýelediler.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61800/lyuksemburgda-geciriljek-dunya-cempionatynda-turkmen-hokkeycilerinin-oyunlarynyn-taze-tertipnamasy-tassyklandy