ATAGELDI GARÝAGDYÝEW DOGLAN GÜNÜNI SAHNADA BELLEDI

photo

Türkmenistanyň halk artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak bölüminiň professory Atageldi Garýagdyýew 70 ýaşyny «Dostlaryma» atly ýatdan çykmajak konserti bilen belledi. Konserwatoriýanyň talyplary we mugallymlary, paýtagtdaky teatrlaryň aktýorlary, ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň hünärmenleri, şeýle hem Atageldi Garýagdyýewiň ajaýyp bariton sesiniň muşdaklary Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň zalyna doldy.

Ýaş toýuny geçirýän aýdymçy konsertini Daňatar Hydyrowyň Döwletgeldi Annamyradowyň sözlerine ýazan «Uzak ýaşa, Arkadag!» aýdymy bilen açdy. Aýdym Resul Gylyjowyň ýolbaşçylyk edýän Döwlet simfoniki orkestriniň hory bilen bilelikde ýerine ýetirildi. Bu wokal gözelligi tomaşaçylar el çarpyşmalar bilen alkyşlady.

Konsertiň dowamynda görnükli aýdymçynyň her çykyşyndan soň döredijilik toparlarynyň wekilleri özleriniň we kärdeşleriniň adyndan günüň gahrymanyny gutlamak üçin, sahna çykýarlar. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, konserwatoriýanyň rektory, Türkmenistanyň sungat taryhyna dalaşgär Resul Amangeldiýew, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew, kompozitor Daňatar Hydyrow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowa, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow, şahyr Gurbannazar Ezizowyň gyzy Ýazgül Ezizowa we beýlekiler bar. Olaryň çykyşlarynda uly zehine minnetdarlyk sözleri ýaňlandy.

Konsert maksatnamasyna kompozitor Nury Halmämmedowyň şahyr Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna döreden 10 aýdymy goşulypdyr. Sahnada geçen ýyllaryň kinohronikasyndan görkezilen wideoşekillerde kompozitor Nury Halmämmedowyň Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetiriş zehini barada söz açyp, bu aýdymçynyň aýdymyň sözlerini kalbyndan syzdyryp geçirýändigini we her söze gymmatly çemeleşýändigi hakdaky sözleri eşitdirildi.

Sahnada Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýeirmeginde «Maňa seniň gözleriňden gitme ýok», «Hüwdi», «Aşyk serhetçiniň aýdymy», «Dostlaryma», «Daglar» we ýene birnäçe ajaýyp aýdym ýaňlandy. Göwnüňe bolmasa, aýdymçy özi üçin iň gowy aýdymlary saýlaýan ýa-da onuň ýerine ýetirmeginde olar iň gowy aýdyma öwrülýän ýalydy. Aslynda, bularyň ikisiniňem bolan bolmagy ähtimal.

Garaşylyşy ýaly konsert programmasy iki sany ilhalar aýdym — Nury Halmämmedowyň Geldi Bäşiýewiň sözlerine döreden «Aşgabat» we Rejep Rejebowyň Gylyçmyrat Kakabaýewiň sözlerine döreden “Türkmenistan» diýen aýdymlary bilen tamamlandy. Aýdymlar gürrüldili el çarpyşmalar bilen alkyşlandy.

Owazy Türkmenistanyň buýsanjyna öwrülen tutuş ýurdumyzyň arzyly aýdymçysy gül desseleri, el çarpyşmalar we lezzetli nazarlar bilen alkyşlandy.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61803/atageldi-garyagdyyew-doglan-gununi-sahnada-belledi