HK «TÜRKMEN ÝYLDYZY» ELEKTRIK GEÇIRIJI SIMLERIŇ ÖNÜMÇILIGINI ÝOLA GOÝDY
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşleri, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy, berkarar Watanymyzyň çar künjeginde dürli desgalaryň we binalaryň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi netijesinde, ýurdumyzda sarp edilýän elektrik energiýasynyň möçberi barha artýar, şonuň bilen birlikde elektrik enjamlarynyň we geçirijileriniň sarp edilişi hem ýokarlanýar. Şu nukdaý nazardan ugur alnyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, energetiki desgalarda sazlaýyş-synag we abatlaýyş işlerini alyp barýan «Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasynda kuwwaty dürli elektrik energiýasyny sarp edijilere ýetirmäge niýetlenen açyk we daşy izolirlenen elektrik geçiriji simleriniň hem-de kabelleriniň dürli ölçegdäki görnüşlerini öndürmekligiň tehnologiýasy önümçilige ornaşdyryldy. Bu ýerde önümçiligiň ýola goýlanyna köp wagt geçmedik hem bolsa, kärhananyň «Gerim» haryt nyşanly elektrik geçirijilerine, diňe hususy kärhananyň ýerleşýän sebti däl, eýsem, ýurdumyzyň çar künjeginde hem uly islegiň bolmagy bu ýerde önümçiligiň tehniki talaplara laýyk ýola goýlandygynyň subutnamasydyr.
Kärhanada elektrik geçiriji simleriň we kabelleriň 23 görnüşi öndürilýär. Şol sanda, alýuminiý metalyndan ýasalýan daşy açyk görnüşdäki elektrik çeçirijileriniň, ýagny elektrik simleriniň A-16-dan A-70 çenli 5 görnüşi, alýuminiý hem-de polat metallaryndan bilelikde taýýarlanyp, uzak aralyklara iberilýän kuwwaty ýokary elektrik geçiriji ulgamlaryna niýetlenen AS-50/8, AS-70/11 hem-de AS-95/16 görnüşleri öndürilýär. Şonuň bilen birlikde kärhanada desgalardyr binalara, ýaşaýyş jaýlaryna elektrik energiýasy geçirilende peýdalanylýan daşy izolirlenen elektrik geçiriji simleriň APW-1x10, APW-1x16 ölçegdäki bir hatarly görnüşleriniň, APPW-2x2,5 we APPW-2x4 hem-de APPW-2x6 ölçegdäki iki hatarly görnüşlerini öndürmeklik ýola goýuldy.
Gerimi barha giňeýän kärhanada elektrik enjamlarynyň we geçirijileriniň önümçilik zerurlygy göz öňünde tutulyp, dürli görnüşli elektrik geçiriji kabellerini öndürmeklik hem önümçilige ornaşdyrylypdyr. Bu ýerde iki elektrik geçirijisi bolan dürli ölçegdäki kabelleriň 4 görnüşi, şeýle hem 4 we 5 elektrik geçirijisi bolan dürli ölçegli kabelleriň 6 görnüşi öndürilip, ýurdumyzyň dürli künjeklerine ugradylýar.
«Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasynda önümçiligiň gerimini giňeltmek maksady bilen yzygiderli gözlegler dowam etdilip, geljekde köp hatarly mis elektrik geçirjileriniň we kabelleriniň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61791/hk-turkmen-yyldyzy-elektrik-geciriji-simlerin-onumciligini-yola-goydy