TÜRKMEN KOMPANIÝASY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERIŇ TAGAMY BOLAN ALKOGOLSYZ IÇGILERI ÖNDÜRÝÄR

photo

«Maksatly türkmen» hojalyk jemgyýeti «Tut» söwda belgili gazlandyrylan alkogolsyz içgileri öndürýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde ýerleşýän kärhanada 30-dan gowrak adam işleýär – diýip Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat gullugy habar berýär.

Kärhanada çykarylýan alkogolsyz içgileriň dermanlyk ösümlikler we miwe tagamy bar. «Gurt» içgisine buýan köki we witaminler goşulýar. Kärhananyň öndürýän önümleriniň aglabasynda ýerli çgi mal ulanylýar. «PET» gaplar ýerli öndürijilerden satyn alynýar. Kärhana geljekde önümçilgi giňeltmegi, önümleriniň görnüşini artdyrmagy we ony daşarky bazarlara eksport etmegi göz öňünde tutýar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çaginde 260 gektardan gowrak ýerde döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň senagat zolagyndaky ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň ýüzlerçesi içerki hem-de daşarky bazarlarda ýerlenilýän her dürli senagat, gurluşyk we beýleki dürli görnüşli önümleri öndürýärler.

Bazar gatnaşyklary we hususy pudagyň paýynyň artdyrylmagy esasynda oba hojalygy pudagyny ösdürmek wezipesi döwlet syýasatynyň wajyp ugrudyr, şunda hususy pudaga uly goldaw berilýär.

Birleşmäniň bölüp beren ýerlerinde ekarançylygyň döwrebap tehnologiýalary, suw tygşytlaýjy ulgamy, ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlary ornaşdyrylýar. Ekologiýa taýdan arassa we gowy hilli gök-miwe önümleri ýetişdirilýär. Birleşmäniň agzalary maldarçylygyň, guşçulygyň we azyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça degişli işleri durmuşa geçrýärler. Olaryň soňky ýyllarda işe girizen täze önümçilikleri ýurdumyza süýt we süýt önümleriniň, konditer, şöhlat we beýleki et önümleriniň, gaplanan we kakadylan miweleriň, alkogolsyz içgileriň importyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berdi.

Azyk önümleriniň eksportynyň aglaba bölegini tutýan ýyladyşhana pomidorlaryny ýetişdirmekde hem uly tejribe toplanyldy. Içerki bazarymyz birleşmäniň agzalarynyň ýetişdirýän ekologiýa taýdan arassa ter pomidorlar bilen üpjün edilýär, olaryň agramly bölegi eksport edilýär.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61822/turkmen-kompaniyasy-dermanlyk-osumliklerin-tagamy-bolan-alkogolsyz-icgileri-onduryar