TER ÖNÜMLER ÝETIŞDIRILÝÄR
Güneşli Diýarymyzyň Günbatar sebitini jähekläp oturan Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki döwrebap ýyladyşhana geçen ýylda ýurdumyzda birbada işe girizilen alty ýyladyşhana toplumlarynyň biridir. Ösen häzirki zaman ylmynyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlaryna, şol sanda sanly ulgama daýanýan bu ýyladyşhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy Sapardurdy Nazlyýewe degişli bolup, ol gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenendir.
Häzirki wagtda ekerançylyk meýdany dört gektara barabar bolup, täze iş orunlarynyň otuza golaýy döredilen bu ýyladyşhanada içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümler ýetişdirlýär. Ýakyn wagtda çäklerini has-da giňeltmegi hem-de önümleriň öndürilişini düýpli artdyrmagy maksat edinýän bu ýyladyşhananyň işe girizilmegi bilen köp öňegidişlikler gazanyldy.
Milli ykdysadyýetimiziň agrosenagat pudagynda gazanylýan ýokary üstünliklere ýetmegine, azyk üpjünçiliginiň ygtybarly berkidilmegine saldamly goşant goşýan ýyladyşhana toplumynda geçen ýylda ýygnalan pomidoryň umumy möçberi 400 tonna ýetip, ýetişdirilen hasyl içerki hem-de daşarky bazarlarda ýerleşdirildi. Öz işine örän oýlanyşykly çemeleşip, tutanýerli, döredijilikli işleýän tejribeli telekeçi pomidor hasyly ýygnalandan soň, ýyladyşhana toplumyny bulgar burçunyň dürli görnüşlerini ekmäge taýýarlady. Şeýlelik-de geçen ýylyň awgust aýynda bu ýerde bulgar burçunyň reňkleri, tagamy, möçberi babatda biri-birinden tapawutlanýan görnüşlerini ösdürip ýetişdirmeklik ýola goýuldy.
Ýyladyşhanadaky ekinler suwarylanda suwdan tygşytly peýdalanmagyň hatyrasyna artykmaç suwlar ýörite akarlaryň kömegi bilen bir ýere toplanyp, telekeçiniň ýyladyşhanasynyň golaýyndaky bäş gektara çenli ýaýylyp gidýän bag nahallaryny suwarmakda ulanylýar. Ussat telekeçä degişli bu ekerançylyk meýdanynda badam agajynyň alty müň düýbi endigan boý alýar. Badam baglary geljek ýylda ilkinji hasylyny berip başlar.
Bereketli topraga yhlasly hyzmat edýän telekeçiniň ýyladyşhanasynda ýetişdirilen bulgar burçunyň hasylyny ýygnamak işleri hem şu ýylyň tomus paslyna çenli dowam eder. Bu ýerde sarp edijilere ugradylýan önümlerem içerki bazarlarymyzyň geçginli, islegli ter gök önümleriniň arasynda mynasyp orun eýeleýär. Möwsümiň ahyryna çenli bolsa ýyladyşhana toplumynda 200 tonnadan gowrak bulgar burçy ýygnalyp, sarp edijilere ýetiriler.
Döwletimiziň milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň ornuny pugtalandyrmak, onuň gerimini has giňeltmek babatda ýurt derejesinde edýän aladalaryndan ruhlanyp zähmet çekýän ezber telekeçi ýakyn wagtda bu önümi hem daşarky sarp edijilere ýetirmegi maksat edinýär.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61925/ter-onumler-yerisdirilyar