ÇAGALAR ÜÇIN «SERÇÄ ÖWRÜLEN OGLANJYK» SPEKTAKLY

photo

«Serçä öwrülen oglanjyk» atly hyýaly spektaklyň edebi esasyny Kömek Kulyýew ýazdy. Ýazgeldi Permedow bolsa ony Türkmen gurjak teatrynda sahnalaşdyrdy.

Pýesada garagollygy sebäpli oglanjygyň ata-enesini mekdebe çagyrýarlar. Oglanjyk: «Serçeleriňkiden hezili ýok, şahadan şaha böküşip, jürkildeşip ýör, şadyýan hem bagtly! Gowy ýeri – mekdebe gitmeli däl. Serçe bolaýsadym!» – diýip pikir edýär. Şol pursatda hem ... gözi äýnekli uly serçe peýda bolýar. Ol adam dilinde gürläp: «Ol-a aňsat. Men seni serçä öwrüp bilerin, ýöne soň ýene adam bolmazlyk şerti bilen. Razymy?» – diýýär.

Şeýdibem oglanjyk serçä öwrülýär. Serçe sürüsi öz arasyna ony ata-enesiz galan iki jüýjejigi terbiýelemek şerti bilen kabul edýär. Şondan soň serçä öwrülen oglanjygyň durmuşy üýtgeýär. Ol şeýle bir kynçylyklara duşýar welin: «Ýene adam bolaýsadym» – diýip, gözýaş dökýär.

Bu ertekiniň manysy: kim bolup ýaşasaň-da zeminde kynçylyksyz durmuş ýok. Oglanjyk serçä öwrülip köp zatlara göz ýetirýär. Serçe-oglanjyk göz ýaş dökýän ejesine duşanda onuň özüni nähili gowy görýändigine düşünýär, howluda gezýän pişik bolsa oglanjygyň öz guýrugyndan çekenligini ýatladyp, iýmit bermeýär. Oglanjyk gaýdyp dagy-duwara hiç kimiň göwnüne degmezlige ant içýär.

Tomaşaçylaryň serçäniň ýene adama öwrülmegine nähili kömek edişini bu gyzykly spektakla tomaşa edeniňizde bilersiňiz.

Spektaklda ýüpli gurjaklar oýnadylýar, hünärmenleriň aýtmagyna görä, gurjaklar artistler bilen sazlaşykly hereket edýärler. Oglanjygyň, onuň ejesiniň we kakasynyň keşbini artistler Ibragim Atamyradow, Oguldöndi Bäşimowa, Myrat Kakabaýew döretdiler. Belýeki artistler gurjakalry «janlandyrdylar».

Nakgaşlar Kerim Nuryýew bilen Ogultäç Myradowa ýaşajyk tomaşaçylar üçin gelşiklije gurjaklary taýýarlapdyrlar we sahnany baş gahrymanyň öýüniň öňündäki rahatja bagjagaza öwrüpdirler.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61936/cagalar-ucin-serca-owrulen-oglanjyk-spektakly